IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: döwrebap dynç alyş seýilgähini gurulýar

Daşoguz welaýat häkimligi S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde çagalar üçin döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak üçin potratçylary saýlamak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;

— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;

— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;

— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna, her iş güni sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02; 9-03-14; faks belgisi: 9-30-85.

 

Diplom ykrar etmek boýunça käbir aýratynlyklar

 

 

Ýene-de okaň

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Daşoguz Halkara howa menzili açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Azerbaýjandaky ilçihanasynyň täze binasy gurlar

«Parahat-7» ýaşaýyş toplumy: 20 sany ýaşaýyş jaýy gurlar

Ata Watan Eserleri

“Petronas”: täze iş ornuny hödürleýär

“Petronas” Gyýanly obasynda işlemek üçin işe çagyrýar