Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky 2021-nji ýylyň netijesi boýunça maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna  laýyklykda audit barlagyny geçirmek maksady bilen, halkara auditor kompaniýasyny saýlap-seçip almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmaga karz edaralar bilen maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny Türkmenistanyň täjirçilik banklarynda hem-de halkara derejede geçirmekde tejribesi we bu ugurda ygtyýarnamasy bar bolan, ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hilini kepillendirýän edara görnüşli taraplar çagyrylýar.

Bäsleşige degişli resminamalary almak üçin şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolunyň154-nji jaýy.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýapyk bukjada tabşyrylmaly.

Telefon belgileri: (+99312) 44-49-05,44-49-14.

Elektron salgymyz: info@halkbank.gov.tm

 

Bäsleşik: damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek