Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 10-njy iýunyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

 

 

Kazan-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw