TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BILIM

Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebi

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebi 2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Teleradio režissýorlyk işi.
  2. Teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak.
  3. Ses režissýorynyň kömekçisi.
  4. Montažyň režissýory.
  5. Telekinooperatorçylyk işi.
  6. Sport synçysy.
  7. Kompýuter montažçy.
  8. Guramaçy režissýoryň kömekçisi.
  9. Maglumatlar ulgamyny dolandyrmak.
  10. Buhgalterçilik işi.
  11. Teleradio kommunikasiýalar işi.
  12. Arhiw we kitaphana işi.
  13. 3D ölçeginde modelirleme we animasiýa.

Başlangyç hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä, degişlilikde 1,5 ýyl hem-de tölegli.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry başlangyç hünär okuw mekdebinde 2020-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

— bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soň­ky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3х4 möçberdäki alty sany fotosurat;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde, kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip, bellik etdirýär we nusgalaryny tabşyrýar.

— pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

— Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýylyň awgust aýnyň 26-27-28-29-y günlerinde başlangyç hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry ähli hünärler boýunça häzirki zaman türkmen jemgyýeti we Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soň­ky synaglara goýberilmeýär.

Baş­lan­gyç hü­när okuw mek­de­bin­de 3 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygy, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar:

  1. Teleradio režissýorlyk işi.
  2. Teleradiogepleşikleri guramak we taýýarlamak.
  3. Montažyň režissýory.
  4. Telekinooperatorçylyk işi.
  5. Teleradio kommunikasiýalar işi.

Gys­ga möh­let­li okuw­lar üçin res­mi iş ka­gyzla­ry­nyň sa­na­wy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

— pasportynyň göçürmesi;

— bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

— 3х4 möçberdäki 2 sany fotosurat;

Bel­lik: 1,5 ýyl möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Gysga möhletli okuwlary tamamlan diň­leýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.

Mek­de­biň sal­gy­sy: Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Mä­ti Kö­sä­ýew kö­çe­si­niň 68-nji ja­ýy,

Te­le­fon bel­gi­le­ri: 36-10-09, 36-09-28.

2020 :Ýokary okuw mekdeplerine okuwa kabul edişlik

Ýene-de okaň

Ýaşlar forumy: möhüm kararlar kabul edildi, sylaglar gowşuryldy

Amerikada uniwersitet okamak üçin ilkinji ädim :Prep4Success maksatnamasy

Baş Redaktor

Amerikada gysga wagtlyk okuw :çeper eser, drama, goşgy, ssenariýa ýazyjylary

Baş Redaktor

Teswirle