Başlangyç hünär okuw mekdebi okuwa çagyrýar

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň infokommunikasiýa başlangyç hünär okuw mekdebi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

  1. Buhgalterçilik işi — 1,5 ýyl
  2. Awtomatlaşdyrylan elektrik aragatnaşygynyň elektromehanigi — 1,5 ýyl
  3. Kompýuter torlaryny sazlaýjy — 1,5 ýyl
  4. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa — 1,5 ýyl
  5. Demir ýolda aragatnaşyk tok enjamlaryny gurnamak boýunça montažçy — elektromehanik — 1,5 ýyl
  6. Elektrik üpjünçiligi (pudaklar boýunça) — 1,5 ýyl
  7. Signalizasiýa, merkezleşdirme we blokirleme enjamlarynyňelektromontýory — 10 aý
  8. Radio we telefon aragatnaşyk enjamlarynyň montažçysy — 10 aý
  9. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa — 10 aý
  10. Tehnologiýa enjamlaryny sazlaýjy (elektron tehnikasy) — 10 aý

Başlangyç hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri  boýunça kabul edilýär.

Okuwlar tölegli.

Resmi iş kagyzlary okuw mekdebinde 2021-nji ýylyň25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenen nusgada direktoryňadyna ýazylan arza;

— bellenen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyňasyl nusgasy;

— bellenen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 ölçegdäki alty sany fotosurat.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen bilelikde, kabul ediş iş toparyna aşakdaky şahsy resminamalaryny görkezip, bellik etdirýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— pasportyny (eger pasport almadyk bolsa, dogluş hakyndaky şahadatnamasyny);

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul etmek şu ýylyň 29-30-njy awgustynda başlangyç hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça fizika we matematika derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde, dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä  gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Bellik: okuwy doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 13-nji jaýy.

Telefon belgileri: +993 (12) 49-95-92; 49-95-91; faks belgisi: +993 (12) 49-95-96.

 

Ýurdumyz boýunça 591 müň 242 tonna bugdaý hasyly ýygnaldy

 

 

 

ÝENE-DE OKAŇ

Kenzo Takada 1939-njy ýylda Ýaponiýada dünýä inýär. Ol gyz jigileriniň okaýan žurnallaryny okap, moda bilen gyzyklanmaga başlaýar. Takada Tokionyň moda kolležleriniň birinde bilim alýar. Okuwyny tamamlap, Pariže gidýär, ol ýerde dizaýner bolup işleýär.1970-nji ýyldan başlap Takada zenanlar üçin üýtgeşik biçüwli egin-eşikleri taýýarlaýar,1983-nji ýylda erkekler üçin hem kolleksiýon dizaýn edýär.  Bäş ýyl soňra ilkinji atyryny halka hödürledi. 1970-nji ýylda döredilen “Kenzo”...
Google: Dünýäde iň köp ulanylýan programmadyr. Kompaniýalaryň gurujylary Larry Page, Sergey Brin Standford uniwersitetiniň ilkinji ýyllarynda hem kompaniýanyň zerurlygyny  bilýärdiler. Bu sebäpli hem kompaniýalaryna matematikada iň uly sanlaryň biri bolan “ Googol” adyny bermekçidiler. Emma Larry Pageiň “googol” ýerine “Google” diýip ýalňyş ýazmagy netijesinde häzirki google kompaniýasy “google” ada eýe boldy. Rolex: Häzirki wagtda iň köp ulanylýan sagatlaryň biridir. Ilkibadalar...
Russiýa Federasiýasy 5-nji oktýabrda  Jibuti, Daniýa, Täze Zelandiýa, Günorta Afrika we Peru bilen uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär. Ähli ýurtlardaky epidemiologik ýagdaýy göz öňünde tutup, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan aşakdaky ýurtlar bilen yzygiderli uçuşlary iki taraplaýyn dowam etdirmek kararyna gelindi: Hindistan Moskwa - Goa, Sankt-Peterburg - Deli we Sankt-Peterburg - Goa  her ugurda hepdede bir gatnaw ýygylygy bolar, Ispaniýa...
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna  bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi geçirildi. Sergä ýurdumyzyň ähli hususy kärhanalary öz önümleri bilen gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türkmenbaşy jins toplumyň “Bedew” haryt nyşanly jins önümleri hem bar. Biz Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen şol ýerde bolanymyzda, Türkmenbaşy jins toplumyň baş direktory Begaliýew Baýrammyrat Allamyradowiç...
Hindistanyň saglygy goraýyş ministri Mansuh Mandawia ýurduň oktýabr aýynda “Covid” sanjymyny eksport edip başlajakdygyny habar berdi. Hindistan döwleti öz zerurlyklary we daşary ýurtlara eksport üçin aýda 300 milliondan gowrak dozada sanjym öndürmegi meýilleşdirýär. Dünýädäki iň uly sanjym öndürijisi, içerki islegi kanagatlandyrmak üçin aprel aýynda eksporty togtatdy. Şondan öň Hindistan dünýäniň 76 ýurduna 60 milliondan gowrak sanjym eksport etdi.     https://www.atavatan-turkmenistan.com/wise-premyer-s-berdimuhamedow-turkmenistan-senagat-taydan-osen-yurda-owruldi/
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
884FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar