Başlangyç hünär okuw mekdebi: okuwa çagyrýar

Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji başlangyç hünär okuw mekdebi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigini yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bildiriş çap edildi.

  1. Buhgalterçilik işi.
  2. Kompýuter torlaryny sazlaýjy.
  3. Kompýuter tehnikalaryny bejeriji we hyzmat ediji ussa.
  4. Apparat we programma üpjünçiligini sazlaýjy.
  5. Sanly maglumaty işläp taýýarlamak boýunça ussa.
  6. Kitaphana we arhiw işi.
  7. Konstruktor-modelçi, kompýuter grafikasyny öwrenmek bilen.
  8. Tikinçi-biçimçi.
  9. Sowadyjylary we kondisionerleri bejeriji ussa.
  10. Iş ýörediji.
  11. Ýaşaýyş-jemagat hojalygynyňussasy.
  12. Liftler boýunça elektromehanik.
  13. Çeper bezeg işlerini ýerine ýetiriji.

Başlangyç hünär okuw mekdebine Türkmenistanyňumumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyňnetijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyňmöhleti hünärleriňçylşyrymlylygyna görä, degişlilikde 10 aý ýa-da 1,5 ýyl. Okuwlar tölegli.

Resmi iş kagyzlary şu ýylyň25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryňadyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— pasportyňgöçürmesi (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, dogluş hakyndaky şahadatnamanyňgöçürmesi);

— umumy orta bilim baradaky resminamanyňasyl nusgasy we göçürmesi;

— bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— üç arkasy barada maglumat;

— TürkmenistanyňÝaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenligi baradaky harby şahadatnamasynyň(harby gullugy geçmedikler üçin ýazylyş şahadatnamasynyň) göçürmesi;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3х4 ölçegdäki 6 sany fotosurat;

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek şu ýylyň 28-29-njy awgustynda başlangyç hünär okuw mekdebinde geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde, dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyňtertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriňbiri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Okuw mekdebinde 6 aý möhlete çenli aşakdaky hünärler boýunça hünär taýýarlygyny, işgärleriňhünär derejelerini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak maksady bilen, gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

  1. Liftleri abatlaýjy ussa.
  2. Tikinçi-biçimçi.
  3. Buhgalter hasabynyňwe telekeçiligiňesaslary.
  4. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji.
  5. Maliýe hasabatlylygynyňhalkara standartlary — maliýe hasaby — 1.
  6. Kompýuter sowatlylygy.
  7. Gazançy.

Gerekli resminamalar:

— bellenilen nusgada direktoryňadyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyňhünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

— pasportyňgöçürmesi;

— bilimi baradaky resminamanyňgöçürmesi;

— 3х4 ölçegdäki üç sany fotosurat.

Bellik: 10 aý we 1,5 ýyl möhletli okuwlary tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakyndaky diplom berilýär.

Gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere döwlet nusgasyndaky şahadatnama berilýär.

Okuwlaryňgündizki we agşamky bölümleri bar.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bilim köçesiniň 20nji jaýy.

Telefon belgileri: 344991, 34-06-15, 34-47-79.

 

Tokio-nyň rekordlary: eýranly ilkinji agyr atletikaçy

 

ÝENE-DE OKAŇ

Kubaly türgen Mihain Lopes Nunýes 4-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy. Grek-rim göreşi boýunça ökde türgen Mihain Lopes bu ugurda russýaly türgen Aleksandr Kareliniň rekordyny täzeledi. Karelinde 3 altyn medal bar. Kubaly göreşçi Lopes Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda 130 kilogram agramda çykyş edip, final tutluşygynda gruziýaly türgen Ýakob Kajaýyny ýeňip, özüniň 4-nji Olimpiýa çempionlygyny, ýurdunyň bolsa bu oýunlardaky 2-nji altyn medalyny gazandy. Bu...
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet Baştutanyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ulag daşamalary üpjün etmek maksady bilen ulagyň ähli görnüşleriniň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmek» atly kararnama seredilendigi barada hasabat berdi. 48...
TÜRKMENISTANYŇ BILIM MINISTRLIGI Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Ulag-logistika ylmy merkezi 2021-2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça okuwa KABUL EDÝÄR Kompýuter sowatlylygy: I dereje (Microsoft Office programmalary) — 3 aý; II dereje (Adobe Photoshop, GorelDRAW) — 3 aý; III dereje (AutoCAD) — 3 aý; IV dereje (Programmirleme) — 3 aý. Rus dili: başlangyç dereje — 4 aý; orta dereje — 4 aý. Iňlis dili: başlangyç dereje...
Şu ýylyň 23-nji oýulynda badalga alan tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň ýeňil atletika ugry boýunça ýaryşlar dowam edýär. Bu ýerde ylgamak, uzak aralyga bökmek, ýokarlygyna bökmek, syrykly bökmek, disK zyňmak ýaly ugurlarda ýaryşlar geçirilip, täze rekordlar gazanylýar. NORWEGIÝALY TÜRGENDEN DÜNÝÄ REKORDY Norwegiýanyň türgeni Karsten Warholm 400 metr aralygy päsgelçilikli bökmek ýaryşynda altyn medal gazanyp, dünýä rekordyny goýdy. Ol bu aralygy 45,94 sekuntda geçmegi...
Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň barşynda S.Umurzakowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçirildi. Taraplar ýokary döwlet derejesindäki ygtybarly syýasy gepleşikler esasynda ilerledilýän döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň ýokary depginini kanagatlanma bilen bellediler. Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň, hususan-da, söwda-ykdysady pudagynyň häzirki...
18,713FansLike
19,500FollowersFollow
859FollowersFollow
417SubscribersSubscribe

Iň täze habarlar