TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Basketbol çempionaty hem ýatyryldy

Türkiýe Respublikasynda woleýbol çempionatyndan soňra basketbol boýunça milli çempionaty hem ýatyryldy. Bu barada Türkiýe Basketbol federasiýasynyň ýolbaşçysy Hidaýet Türkogly habar berdi.

Şu gün Türkiýäniň Basketbol federasiýasynda bu barada ýygnak geçirildi. Şonuň netijesine görä, basketbol boýunça milli çempionaty koronawirus ýokanjy sebäpli ýatyryldy. Çempionatda çempion yglan edilmeýär. Erkekleriň hem-de zenanlaryň arasyndaky basketbol boýunça milli çempionatda galan duşuşyklar geçirilmeýär. Toparlary aşaky liga düşürmek göz öňünde tutulmaýar. Şeýle hem aşaky ligadan ýokary liga hem topar çykmaýar.

Ýene-de okaň

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

Teswirle