TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

Bäşim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebine kabul edilşik

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin okuwçylary şu aşakdaky ugurlar boýunça okuwa kabul edýär:

* Nakgaşçylyk (suratkeşlik).

* Halyçylyk.

* Zergärçilik sungaty.

* Heýkel.

Aşgabat şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebine çagalaryň okuwa girmekçi bolýan ýylynda mekdebe resminamalaryň kabul edilen iň soňky gününe çenli 12 ýaşyny dolduran çagalar ukyplaryna görä, bellenilen giriş synaglaryny tabşyrmaklary arkaly, bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 4 ýyl.

Çeperçilik mekdebinde okuwlar umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwyndan daşary, hepdede 3 gün okadylýar.

Okuwa girmek üçin tabşyrylmaly resminamalar 2020-nji ýylyň maý aýynyň 26-syndan iýun aýynyň 6-na çenli kabul edilýär.

Mekdebe girmek üçin tabşyrylmaly resmi iş kagyzlary:

  1. Bellenilen nusga boýunça mekdebiň direktorynyň adyna ýazylan arza.
  2. Okuwçynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi.
  3. Okuwçynyň öýde çeken suratlary.
  4. Okuwçynyň 3×4 ölçegdäki 4 sany fotosuraty.
  5. Okuwçynyň saglygy hakyndaky kepilnama.
  6. Okuwçynyň okaýan orta mekdebinden kepilnama we häsiýetnama.

Mekdebe kabul edişlik giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda amala aşyrylýar.

Giriş synaglary iýun aýynyň 8 — 9 — 10-una galam bilen surat çekmek, reňk bilen çekmek we kompozisiýa derslerinden geçirilýär.

Mekdebiň salgysy: Aşgabat şäheriniň Aba Annaýew köçesiniň 10-njy jaýy. Telefon belgilerimiz: 34-41-17, 34-41-21.

Ýene-de okaň

«Türkmenfilm» birleşigi täze multfilmini hödürleýär

«Türkmenfilm» birleşigi täze kinolaryny hödürleýär

Uly çille

Teswirle