JEMGYÝET

Baş Täze ýyl arçasynda yşyklar ýakyldy

Ýurdumyzyň baş arçasynda köpöwüşginli yşyklar ýakylyp, hemmeleriň söýýän hem-de sabyrsyzlyk bilen garaşýan, jadyly we syrly, şadyýan hem-de hoşniýetli Täze ýyl baýramynyň ýakynlaşyp gelýändigini habar berdi.

Asylly däbe görä, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança Täze ýyl dabaralarynyň merkezine öwrüldi. Şol ýerde ýurdumyzyň iň belent, bezegli arçasy ornaşdyryldy hem-de erteki şäherçesi ýaýbaňlandyryldy.

Depesinde “2021” ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 41 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr.

Dürli reňklerde öwşün atýan şarlar, monjuklar, oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça ýetip gelýän Täze ýylyň özboluşly nyşanlarynyň birine öwrüldi. Tutuş dünýä oňa gowulyk, täzeleniş, saglyk baradaky iň gowy arzuw-niýetler bilen garaşýar.

Birnäçe gün mundan ozal özüniň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belläp geçen Bitarap Watanymyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Geljek ýylda ýurdumyz ýene-de bir taryhy senäni – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellär.

Baýramçylyk kerweni “Älem” medeni-dynç alyş merkezine, ýurdumyzyň baş arçasynyň ýanyna gelýär. Dürli reňkli yşyklarda öwşün atýan derweze jadyly ýurda girelgäni açýar. Şol ýerde myhmanlary türkmen ertekileriniň gahrymanlarynyň täsin şekilleri hem-de çagalaryň iň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlary garşylaýarlar.

Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň yşaraty bilen ajaýyp arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy şadyýan Täze ýyl dabarasynyň sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursatyna öwrüldi. Paýtagtymyzdaky owadan arçanyň yzysüre welaýatlarda, ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň baş meýdançalarynda ornaşdyrylan Täze ýyl arçalarynyň ählisi täsin yşyklar bilen öwşün atyp başlady.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

Ýene-de okaň

“Baýeri” durduran “Atalanta” Ýewropa Ligasynyň kubogyny gazandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Seýed Ebrahim Raisiniň soňky ýoluna ugratmak dabarasy gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Hormatly Prezidentimiz Aşgabatda täze agyz suwuny arassalaýjy desganyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň ilçihanasynda bolup, gynanjyny bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Eýranyň ilçihanasynda hatyra kitabyna ýazgy galdyrdy

“Liwerpul” täze tälimçisini yglan etdi