TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Baş prokurora ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesi berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesi berildi. 

Bu barada Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Permanynda şeýle diýilýär:

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.G.MÄLIKGULYÝEWE ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini bermek hakynda

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini bermeli.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle