TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Baş Assambleýanyň iň uzak çykyşy belli boldy

Bu çykyş Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona degişli. Ol Birleşen Millet Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde 48 minutlap çykyş etdi. Bu barada TASS-yň habarynda aýdylýar.

Çykyşynyň dowamynda Makron halka gün tertibindäki möhüm wakalaryň birnäçesine ýüzlendi. Şol sanda COVID-19, Russiýadaky syýasy ýagdaýlar hem onuň çykyşyndan ýer aldy.

Ýeri gelende aýdylmaly bolsa, 75-nji mejlisdäki iň gysga çykyşlar 6 minut dowam etdi. Bu çykyşlar Wengriýanyň we Mongoliýanyň wekillerine degişlidir.

Umuman, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň taryhyndaky rekord çykyş 1960-njy ýyla degişli. Şol ýyl Kubanyň ýolbaşçysy Fidel Kastro 4 sagat 29 minutlap çykyp edipdir.

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Ýene-de okaň

Türkmenistan BAE-däki ýokary derejedäki sammite gatnaşar

Ronaldo we Dibala Türkiýä öz kömek goluny uzatdy

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Teswirle