TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Barselonanyň” täze tälimçisi Kuman bolar

«Barsleona» toparynyň ýolbaşçysy Žozep Bartomeu Ronald Kumanyň toparyň täze tälimçisi boljakdygyny mälim etdi. Toparyň tälimçisi Kike Setýen “Barselona” toparynyň “Bawariýa” toparyndan 8:2 hasabyndan utulmagyndan soňra wezipesinden boşaldyldy.

– Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu barada ýazýarlar. Ähli zat gowy bolan halatynda, Kuman tälimçi bolar we biz muny yglan ederis. Biz ony gowy tanaýandygymyz üçin oňa goldaw berýäris – diýip, Bartomeu söhbetdeşliginde beýan etdi.

57 ýaşly tälimçiniň resmi tanyşdyrylyş dabarasy ýakyn wagtda geçiriler.

Kuman 1989-1995-nji ýyllar aralygynda “Barselonada” futbolçy hökmünde oýnady. Ol şol döwürde Ispaniýanyň çempiony, 3 gezek Superkubogyň eýesi, Ispaniýanyň Kubogy, Ýewropa çempionlar kubogyny (häzirki Çempionlar ligasyny) we UEFA-nyň Superkubogyny eýelemegi başardy.

Kuman 2000-nji ýylda “Witesse” toparyna tälimçi bellenmezden ozal, “Barselonada” kömekçi tälimçi bolup işledi. Şeýle hem ol “Aýaks”, “Benfika”, “PSW”, “Walensiýa”, “AZ Alkmaar”, “Feýenord”, “Sauthempton” we “Ewerton” ýaly toparlara tälim berdi.

Tälimçi hökmünde üç gezek Niderlandlaryň milli çempionatynyň çempiony, kubogyny we Superkubogyny, Portugaliýanyň Superkubogyny we Ispaniýa kubogyny aldy.

Ýene-de okaň

Katar-2022: Niderlandlar we Senegal indiki tapgyra çykdy

Katar-2022: Braziliýa we Portugaliýa indiki tapgyra çykdy

Messi karýerasyny ABŞ-da dowam etdirip biler

Teswirle