TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Barselonanyň” taryhy ýeňlişi: garaşylmadyk netije

Dünýäniň iň köp gazanýan hem-de iň güýçli futbolçysy bolan Lionel Messili Ispaniýanyň “Barselona” topary Çempionlar Ligasynyň çärýek final duşuşygynda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndan 8:2 hasabynda utuldy. Bu garaşylmadyk netije köp sanly futbol bilermenleri bilen bir hatarda futbol janköýerlerini hem haýran galdyrdy.

Köp sanly neşirlerde bu duşuşyk barada “Barselonanyň betbagtçylygy” ýaly sözbaşyly makalalar toplumy çap edildi. “Barselona” 74 ýylyň dowamynda 8 gol geçirdip görmändi. 2007/08-nji möwsümden bäri ilkinji gezek kuboksyz galdy.

«Bawariýa» topary «Barselona» toparyna duşuşygyň birinji ýarymynda 4 gol, ikinji ýarymynda hem 4 gol geçirdi.

Bu duşuşyk barada gyzykly maglumatlar:

  • “Barselona” oýnuň birinji ýarymda üç urgy etdi. “Bawariýa” 4 pökgi geçirdi we Robert Lewandowskiniň özi birinji ýarymda 4 urgy ýerine ýetirdi.
  • ‎ «Barselona» iň soňky gezek 1946-njy ýylda «Sewilýa» toparyna 6:0 hasabynda utulypdy. Şondna bäri şeýle uly hasap bilen ýeňilmändi.
  • ‎ «Barselona» 1959-njy ýyldan bäri ilkinji gezek oýnuň ilkinji ýarym sagadynda derwezesinden 4 pökgi geçirtdi.
  • ‎ «Bawariýa» topary Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde 40 gol geçirdi. Bu toparyň taryhynda rekord.
  • ‎ Mýuller «Barselonanyň» derwezesine Çempionlar ligasynyň ähli duşuşyklarynda 6 gol geçirdi. Ol Andreý Şewçenkonyň 5 gollyk rekordyny täzeledi.
  • ‎ «Barselona» 2007/08-nji möwsümden bäri ilkinji gezek kuboksyz galdy.
  • 14 ýyldan soňra Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda bir sany hem ispan topary galmady.
  • Ne Messi ne-de Ronaldy 14 ýyldan soňra ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda oýnamaýar.
  • Futbol dünýäsi 2014-nji ýyldan bäri beýle täsir galdyran futbol duşuşygyna tomaşa etmändi. 2014-nji ýylda hem futbol boýunça dünýä çempionatynda Germaniýanyň milli ýygyndysy Braziliýanyň milli ýygyndysyny 7:1 hasabynda utupdy.

Ýene-de okaň

Katar -2022: nobat 1/4 finalda

Katar-2022: rekordlaryň çempionaty

Katar-2022: 36 ýyldan soňra Marokkonyň üstünligi

Teswirle