JEMGYÝET

“Barselona” we “Real” deňme-deň: 17 ýylyň dowamynda ilkinji gezek

Ispaniýanyň futbol çempionatynda “El klasiko” hökmünde dünýä belli bolan “Barselona” topary bilen “Real Madrid” toparynyň arasyndaky 10-njy tapgyryň yza süýşürilen duşuşygy 18-nji dekabrda geçirildi. Onda 17 ýylyň dowamynda ilkinji gezek hasap açylmady.

“Barselona”-nyň stadionynda geçirilen duşuşyga 93 müň 426 futbol janköýeri tomaşa etdi.

Bu duşuşygyň ýatda galan maglumatlary:

– “Real Madrid” toparynyň kapitany Serhio Ramos “Barselona” garşy 43-nji duşuşygyny oýnady. Bu ugurda rekord oňa degişlidir.

– “Barselonan”-yň kapitany Lionel Messiniň “El Klasikoda” geçiren duşuşyklarynyň sany 42-ä deňdir. Ol bu ugurda ikinji orny eýeleýär.

– Duşuşygyň dowamynda “Barselona”-nyň futbolçylary 5 gezek oýnuň düzgünini bozdular we eminden 3 sary duýduryş aldylar.

– “Real Madrid” bilen “Barselona” 242-nji gezek resmi duşuşygyny geçirdi.

– Bu duşuşyklarda “Barselona” 95 gezek ýeňiş gazandy.

– “Real” hem 95 gezek ýeňiş gazandy.

– olaryň arasyndaky 52 duşuşyk deňme-deň tamamlandy.

– Ispaniýanyň çempionatynda bu iki topar 179 gezek duşuşdy.

– “Barselona” 72 gezek ýeňiş gazandy.

– “Real” hem 72 gezek ýeňipdir.

– Olaryň arasyndaky 35 duşuşyk deňme-deň  tamamlandy.

– “Real Madrid” ähli ýaryşlarda 7 duşuşykdan bäri “Barselona”-ny ýeňip bilmeýär. 7 duşuşygyň 3-i deňme-deň tamamlandy, 4-inde “Barselona” ýeňdi.

– “Real Madrid” iň soňky gezek “Barselona”-ny 2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Ispaniýanyň Super kubogynda 2:0 hasabynda utupdy.

– “Real Madrid” bilen “Barselona”-nyň arasyndaky duşuşyk iň soňky gezek 2002-nji ýylyň noýabrynda 0:0 deňme-deň gutarypdy. Şol duşuşyk hem “Barselona”-nyň meýdançasynda oýnalypdy.

– Häzirki wagtda bu iki topar Ispaniýanyň çempionatynda 17-nji tapgyryň ahyrynda 36 bal toplap, birinji orny paýlaşýarlar.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna interwýu berdi

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy bilen duşuşdy

Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ýaş nesliň saglygyny goramak – ileri tutulýan wezipe

Haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri Özbegistanda saparda bolarlar

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri