TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we toparyň ýarymgoragynda çykyş edýän Frenki De Ýong bilen täze şertnama baglanyşandygy barada toparyň resmi saýtynda habar berýär.

Jerar Pike – goragçynyň täze şertnamasy 2024-nji ýylyň Iýun aýynyň 20-ne çenli hereket eder we onuň transfer bahasy 500 million ýewro barabar bolar. Dünýä belli goragçy Pike, “Barselona” toparynyň düzüminde 13-nji möwsümini we 548-nji oýnuny geçirýär.

Mark Ter Ştegen – derwezewan topar bilen şertnamasyny 2025-nji ýylyň Iýun aýynyň 30-na çenli uzaltýar, onuň transfer bahasy 500 million ýewro bolar. Şeýlelik bilen Ter Ştegen, Barsa oýunçysy hökmünde on ýyldan gowrak meýdançada çykyş eder. Häzirki wagtda bolsa topar üçin 236 duşuşyk oýnady.

Kleman Lengle – bu goragçy hem özüniň topar bilen baglaşan şertnamasyny 2026-njy ýylyň Iýun aýynyň 30-na çenli uzaltýar, transfer bahasy bolsa 300 million ýewro bolar. 25 ýaşly fransuz goragçy “Barselona” topary üçin resmi 89 duşuşykda meýdança çykdy.

Frenki de Ýong – ýarymgoragçy, bu topar bilen şertnmasyny 2026-njy ýylyň Iýun aýynyň 30-na çenli täzeledi we transfer bahasy 400 million ýewro boldy. 23 ýaşly niderlandiýaly ýarymgoragçy täze tälimçiniň gelmegi bilen her duşuşykda toparyň düzüminde ýer aldy we topar üçin 47 duşuşykda meýdança çykdy.

 

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

 

 

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Katar-2022: Messili Argentina 1/8 finala çykdy

Teswirle