TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

“Barselona” 100 million ýewrodan ýüz öwürdi

Ispaniýanyň “Barselona” topary özüniň düzümindäki iň ýaş futbolçylaryň biri bolan Ansu Fati üçin gelen teklibi kabul etmedi. Bu futbolçyny satyn almak üçin Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary 100 million ýewro teklip etdi.

“Barselona” toparynyň ýolbaşçylary bu futbolçysyny satmakdan ýüz öwürdi. ýaş futbolçy gysga wagtda erjel oýny bilen köpleriň ünsüni çekdi. Bu futbolçy geljekde toparyň iň güýçli oýunçylarynyň biri boljakdygy aýdylýar.

Şu möwsümde 17 ýaşly futbolçy 24 duşuşykda oýnap 5 gezek tapawutlanmagy başardy.

Ýene-de okaň

Konor Makgregor dolanyp gelýär

Ronaldo täze toparyndaky ilkinji goluny geçirdi

Messi Ronaldonyň rekordyny täzeledi

Teswirle