TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Barak Obama “Emmi” baýragyna mynasyp boldy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Barak Obama “Emmi” baýragyna mynasyp boldy. Ol bu baýraga “Iň gowy gürrüň beriji” ugry boýunça gazandy.

Obama “Biziň beýik milli seýilgählerimiz” atly dokumental filmi seslendirdi. Bu serial “Netflix” kompaniýasyna degişlidir. Obama prezidentlik wezipesini tabşyrandan soňra “Higher Ground Productions” atly prodýuserlik kompaniýasyny döretdi we bu kompaniýa ýokarda agzalýan filmi surata düşürmek işini alyp bardy.

Film 5 seriýadan ybarat bolup, onda dünýäniň köp künjegindäki tebigy milli seýilgähler barada gürrüň berilýär. Bu filmde Amerikanyň Kaliforniýasyndan Keniýa, ondan Indoneziýa çenli aralykdaky milli seýilgähleriň aýratynlyklary açylyp görkezilýär.

Obama syýasy durmuşyny tamamlap, prodýuserlik işi bilen meşgullanyp başlady. Obama 2 gezek “Gremmi” baýragyna mynasyp boldy. Ol bu baýraklarynyň birini özüniň başdan geçirmeleri audio kitapda seslendirmek arkaly eýe boldy.

Obama “Emmi” baýragyna mynasyp bolan ikinji Amerikanyň ýolbaşçysydyr. 1956-njy ýylda Duaýt Eýzenhauer prezident döwründe bu baýraga mynasyp boldy.

Ýene-de okaň

Hytaýyň Başlygy Si Szinpin Saud Arabystanyda

Türkmenistan bilen Russiýa 15 resminama gol çekişdi

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Teswirle