TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Bankdan pul serişdelerini çekmegiň tertibi ýeňilleşdiriler

Bank  ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini artdyrylar  hem-de bank edaralaryna fiziki we ýuridik taraplaryň pul serişdelerini çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýeňilleşdiriler. Bular barada Türkmenistanyň Prezidenti degişli ýolbaşçylara degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Müşşikowa hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ykdysadyýetde maliýe durnuklylygyny gazanmak we pudaklary maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak üçin degerli çäreleri görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, kärhanalaryň bank karzlaryny we algy-bergilerini tertipleşdirmek üçin teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetde pul toplumyny hakyky zerurlyga görä düzgünleşdirmelidigini, pudaklary pul serişdeleriniň zerur möçberi bilen üpjün edip, hümmetsizligi meýilleşdirilýän derejede saklamalydygyny nygtady.

Milli Liderimiz dürli pudaklara berilýän karzlaryň ykdysady taýdan bähbidine we netijesine yzygiderli seljerme geçirmek barada görkezme berip, berilýän karz serişdeleriniň bellenen maksada görä ulanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmagy çaltlandyryp, bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini artdyrmalydygyny belledi hem-de bank edaralaryna fiziki we ýuridik taraplaryň pul serişdelerini çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýeňilleşdirmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiziň halkara maliýe bazarlaryndan amatly şertlerde karz serişdelerini, şeýle hem daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň üstünde köpräk işlemegiň möhüm ugurlaryň biridigini belledi hem-de abraýly halkara maliýe guramalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, olaryň ykdysadyýetimiziň ösüşine berýän synlarynyň we seljerme işleriniň netijelerini ýerlikli peýdalanmagy tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda metanol önümçiligi ýola goýlar

Türkmenistan konteýner gatnawlary baradaky Ylalaşyga goşular

Ulag boýunça türkmen-rus topary dörediler

Teswirle