«Bank gurmak-Dünýä gurmak»

1945-nji ýylda Izmir şäherinde doglan Hüsnü Özýegin 1987-nji ýylda «Finansbank» atly öz bankyny gurmak bilen bank hyzmatlaryna başlaýar. Işewüriň öz serişdeleriniň üstüne karz almak arkaly ilkinji maýasyny toplap, 8 million Amerika dollaryna guran bankyny 20 ýyla ýakyn wagtda marka gymmadyny ýokarlandyryp, 5 millliard 500 million Amerika dollaryna satmagy örän ýokary üstünlik hasap edilýär. Bu ýokary başarnygy getiren faktorlaryň käbirini Hüsnü Özýeginiň terjimehaly barada ýazylan «Bir dünýä gurmak» kitabyndan gysgaça käbir esaslary berýäris.

  • Hüsnü Özýeginiň çaga wagty daşary ýurtda ýaşamak tejribesi;
  • Robert Kolejde orta bilim almaklygy;
  • ABŞ-da ýokary bilim almagy;
  • Garward Işewürlik Okuwynda Magistratura okamagy;
  • Hünärine ussat adamlary işe almak;
  • Multi-tasking: bir wagtda birnäçe işi alyp barmak ukyby;
  • Ilki başga bir bankda ýolbaşçy bolmagy;
  • Tygşytlylyk; biznes klas biletleri ulanmazlyk, awtoulag we beýleki gündelik çykdajylaryň azaldylmagy;
  • «Ýylgyryp bilmeýän» adamy banka işe almazlyk;
  • Daşary ýurt dilini bilýän işgeriň zähmet haky koeffisientini artdyrmak;
  • Ogly Murat Özýeginiň Strategiýa Ofisi gurýar;…
Okap bilersiňiz  3D printeri arkaly jaý guruldy

Garward Işewürlik Okuwyndan berlen uçurym üstünlik baýragynda şeýle ýazgy bar: «Öňdengörüji telekeçi. Batyrgaý bankir, öňde goýan maksatlary üçin töwekgelçilik almagy başarýan, adatylyga razy bolmaýan, bilimiň we telekeçiligiňp goldawçysy. Watanyny baýlaşdyran. Gazananlaryňy maksat we umyt bilen jemgyýete yzyna berýärsiň. Jemgyýeti özgerdeniň, dünýä ylham bereniň üçin seni hormat bilen mübärekleýäris.»