TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Banan şerbediniň peýdasy

Subtropiki miweleriň arasynda iň bir ýokumly, köp isleg bildirilip iýilýän miweleriň biri hem banandyr. Bu miwede ýokumly iýmit maddalaryň aglaba köpüsi jemlenendir.

Banany terligine iýmek örän peýdalydyr. Şonuň ýaly hem ondan taýýarlanylýan şerbet suwy özüniň tagamlylygy we ýokumlylygy bilen tapawutlanýar.

Her bir ynsan banany gowy görýär. Bu hoşboý ysly we tagamly miwe açyk sary reňki bilen göreni özüne çekýär.

Banandan taýýarlanan şerbetde kaliýniň örän köp mukdary bardyr. Munuň bilen birlikde bu tagamly içgi magniý, fosfor, demir, sink, selen we mis ýaly elementlere baýdyr. Şonuň üçin hem ýürek keselinden ejir çekýän hem-de öz saglygy barada alada edýän adamlar üçin banan şerbedi örän peýdalydyr.

Bananyň düzüminde beta-karotini, uglewodlar, askorbin kislotasy bardyr. Bu sanalanlaryň ählisi immun ulgamynyň gowy işlemegi üçin zerurdyr. Banan B witaminlere hem baýdyr.

Banan şerbedi bedendäki toksinleri ýok etmäge ýardam berýär, iýmit siňdiriş ulgamyny arassalaýar. Bu içgi ukusyzlyk we nerw keselleri, myşsa massasynyň gurulmagy üçin peýdalydyr.

Banan şerbedini aç garna iýmeklik hünärmenler tarapyndan maslahat berilmeýär.

Banan şerbedini taýýarlamak üçin gowy bişen miweleri almaly. Onuň daşky gabygyny aýryp, ýörite enjam (mysal üçin blender) arkaly owratmaly we adamyň öz islegine görä suw ýa-da süýt guýup, garyşdyrmaly. Şeýle-de oňa şeker ýa-da bal hem goşup bolýar. Ýokary derejede garylandan soň banan şerbedi taýýar bolar.

Banan şerbedi üsgülewük üçin hem örän peýdalydyr. Üsgülewük üçin taýýarlanylýan banan şerbedine gowy bişen banan, kakao tozy, bir bulgur gaýnadylan süýt we bal gerekdir.

Ilki bilen blenderde banany owratmaly we ony kakao tozy bilen garyşdyrmaly. Garyndynyň üstüne süýt guýmaly we oňa bal goşmaly. Miwe şerbedini gowy garmaly. Taýýar bolan banan şerbedini ýatmazdan ozal içmeklik has-da peýdaly bolar.

 Kadyrow Ýunus,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň mugallymy

Gyzyl we gök daglaryň rowaýaty…

 

Ýene-de okaň

San­ly ul­ga­m has-da kämilleşdirilýär

Bitaraplyk- bagtymyz

Ata Watan Eserleri

Radiožurnalistler bilen duşuşyk

Teswirle