TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Balaton kölünde geçirilen ýaryş

Wengriýada Merkezi Ýewropanyň iň iri köli hasaplanýan Balaton kölünde suwda ýüzmek boýunça däbe öwrülen bäsleşik geçirildi. Aralyk 5200 metr. Kölüň bir kenaryndan beýleki kenaryna ýüzüp geçmek göz öňünde tutuldy. Muny 57 minutyň dowamynda wenger ýüzüji, dünýäniň çempiony derejesiniň eýesi Kriştof Raşowski amala aşyrdy.

Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýaryş yza süýşürildi. Bu gezek gurnaýjylar zerur sanitariýa çärelerini berjaý etdiler. Umuman, ýaryşa 10 müňe golaý ýüzüji gatnaşdy.

Balaton kölünde suwda ýüzmek boýunça ýaryş Wengriýanyň iň iri sport bäsleşikleriniň biridir.

Ýene-de okaň

Katar-2022: nobat 1/8 finalda

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Teswirle