Ata Watan YlhamyJEMGYÝET

Bagtyýar ýaşlaryň ýaşlar Forumy:   Toýly Jänädow

Bagtyýar ýaşlaryň ýaşlar  Forumy

 

Milli Lidermiziň beýik taglymy,

Bagtyýar ýaşlaryň Ýaşlar forumy.

Ýaşlaň eziz Watanyna tagzymy,

Türkmen ýaşlarynyň Ýaşlar forumy.

 

Kän ýeňiş eçildi ýaşlaryň ýyly,

Buýsandyryp bu gün parahat ili,

Belent maksatlara ugrukdyr ýoly,

Bagtyýar ýaşlaryň Ýaşlar forumy.

 

Berkarar döwletiň sarsmaz binýady –

Pyragynyň pähim-paýhas dünýäsi,

Röwşen geljegmiziň aýdyň güwäsi,

Türkmen ýaşlarynyň Ýaşlar forumy.

 

Ýaşlara buýsanýar Howandarymyz,

Arkadagly Gahryman Serdarymyz,

Watanyň buýsançly ajap çagydyr,

Bagtyýar ýaşlaryň Ýaşlar forumy.

 

Bedew bady bilen ýurt öňe sary,

Çar ýandan gelerler ýaşlaň dost-ýary,

Haýrana galdyrar bütin Ýer şary,

Türkmen ýaşlarynyň Ýaşlar forumy.

 

Täze Galkynyşa belent badalga,

Pyragydan pähim-paýhas, adalga,

Rowaçlanýan ösüşlere ädelge,

Bagtyýar ýaşlaryň Ýaşlar forumy.

 

***

Tamamlanýan ýaşlar ýyly şanly waka, taryh bolar,

Täze ýylda Magtymguly dillerimizde taryp bolar,

Arkadag Serdarly ýaşlar kämil nesil, aryp bolar,

Bagtly geljege ak ýoldur –  ýaşlaň Ýaşlar forumy.

 

Ýaşlaryň sergisi bu gün durnukly ösüş simwoly,

Bu simwolda nesillleriň nurlanýandyr aýdyň ýoly,

Arkadag Serdarly ýaşlaň bagtyýardyr bagtly ili,

Şol bagtyň uly serpaýy –  ýaşlaň Ýaşlar forumy

 

Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz,

Siziň bilen bagtyýardyr nesilleň Howandarymyz,

Ajap döwrüň dowamaty Arkadagly Serdarymyz,

Sizden bize aýdyň ýoldur – ýaşlaň Ýaşlar forumy.

                                                          

 Buýsançnama

(Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaňy-ýakynda neşir edilen «Ýaşlar – Watan daýanjy» atly kitabyna waspnama)

Ýaşlarmyza täsin kitap bagş etdi,

Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

Çeper söze kämil pikrin nagş etdi,

Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

 

Täze kitap «Ýaşlar – Watanyň daýanjy»,

Baý mazmuny nesilleriň guwanjy,

Paýhasyna siňdiripdir buýsanjy,

Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

 

Täsin kitap mukaddes hikmete baý,

Her taglymy aýdylypdyr göwnejaý,

Arkadagdan almyş kämil ylham paý,

Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

 

Kämil kitap döwrümize ýörelge,

Geljek nesle, ömrümize ýörelge,

Her bir işde ýaşlarmyza görelde,

Arkadagly Gahryman Serdarymyz.

 

       Toýly Jänädow

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Ýene-de okaň

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi Aşgabatda geçiriler

Magtymgulynyň «Kerem islärin» atly goşgusyna nezire:Toýly Jänädow

Ata Watan Eserleri