TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bagtyýar durmuşyň bagtly gadamlary

Beýik ösüşlere beslenýän Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň birine öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bolup geçýän we jemgyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýan wakalar, oňyn özgertmeler watandaşlarymyzyň kalbyny buýsanja besleýär. Ykbal özgerdiji taryhy döwürde tutumly işlere badalga berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz belent üstünliklere eýe bolýar. Paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlup ulanmaga berlen desgalar, ajaýyp binalar munuň aýdyň beýanydyr. Hormatly Prezidentimiziň halk bähbitli durmuşa ornaşdyrýan beýik işleri, belent maksatlary döwrebap ösüşleri üpjün edýär.

Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary — bularyň hemmesi ykdysady ösüşimiziň örän ýokarydygynyň görkezijisidir. Şeýle ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda adamyň bagtyýar durmuşy, halkyň abadançylygy baş wezipeleriň biridir.

Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş maksatly beýik işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle belleýär: «Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk». Ynha, şu belent maksatlaryň her birinde halkymyzyň, eziz Watanymyzyň bähbitlerini görmek bolýar.

Ösüşiň döwrebap mümkinçiligini üpjün edýän şeýle döwletli maksatlarda şu günüň we geljegiň esasy ugry kesgitlenendir, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagy göz öňünde tutulandyr.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň döredijilikli işlemegine, bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen belent maksatlar amal edilýär. Garaşsyz Diýarymyzda raýatlaryň durmuş abadançylygy, hukuklaryň we bähbitleriň goralmagy esasy ugur bolup durýar. Şunda ynsan hakynda edilýän aladalar, ýaşlaryň bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Bu mümkinçilikleriň netijesinde adamlaryň iş bilen üpjün edilýändigi, döredijilikli zähmet çekýändikleri, bagtyýar durmuşyň hözirini görýändikleri bellärliklidir. Bu aýdyň netijeler durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlary bolup durýar.

Ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagy üçin geljekde uly maksatlar goýulýar. Munuň üçin ýaş hünärmenleri taýýarlamak, sanly ulgamy ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek ýaly görnüşler bilen anyk maksatlar göz öňünde tutulýar. Esasan hem, sanly ykdysadyýeti ösdürmek syýasaty anyk görkezilendir. Elbetde, sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin kämil hünärmenleriň hem bolmagy zerurlyk bolup durýar. Şonuň üçin hem, sanly ykdysadyýetiň işgärler bilen üpjünçiligi hem göz öňünde tutulandyr.

Şeýle hem, hünärmenleriň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin gaýtadan taýýarlamak esasy ugurlaryň biridir. Bu babatda alnyp barylýan işler bilim işgärleriniň has-da döredijilikli işlemeklerini üpjün edýär. Bu bolsa, tejribeli hünärmenleriň gaýtadan sanly ykdysadyýete gönükdirilmegini göz öňünde tutýar. Kämil hünärmenleriň bar ýerinde bolsa ösüşler hem, öňegidişlikler hem bar.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň makroykdysady görkezijileri ýokary netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär. Ähli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň jemleýji maglumatlaryna laýyklykda, öndürilen önümiň möçberi, geçen ýylyň degişli döwründäkä garanyňda, 11,1 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda bölek-satuw dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim köp boldy. Ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler biziň her birimizi döredijilikli zähmete, üstünliklere ruhlandyrýar.

Täçdurdy Şekeralyýew,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň dosenti.

 

 

Moskwa-Türkmenabat ugry boýunça ýörite gatnaw

 

Ýene-de okaň

Kompýuteriň programma üpjünçiligi

Ýürek joşguny

Ata Watan Eserleri

Köýtendag täsinlikleriň jülgesi

Teswirle