SIZDEN GELENLER

Bagtyň ýurdy

Berkarar döwletiň bady ajaýyp,

Gözel ýurdumyzyň ady ajaýyp,

Dogýan her bir günüň şany ajaýyp,

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

Berkararlyk köňülleriň ganaty,

Bagtyýarlyk beýik döwrüň zynaty,

Ak ýollarda Arkadagyň ak aty,

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

Zybana gelip dur sözleň ajaby,

Watanmyzyň dünýä açyk gujagy,

Günlerimiz parahatlyk ojagy,

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

Dünýäň münberinden çykýas Jahana,

Şanly günler bezeg berýär Watana,

Rowaçlyk ýar aýdyň maksat tutana,

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

Eşret doly döwrümizde joşgun bar,

Ak günlerde ömrümizde joşgun bar,

Ýazlar ýaly köňlümizde joşgun bar,

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

Watanda jemlenen ösüşleň bary,

Arkadag diýaryň şöhraty-şany,

Kalba dolýar beýik döwrüň owazy,

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

 

Millilik bar bu döwletiň tugunda,

Joşgun bardyr bu milletiň ruhunda,

Berkararlyk gadym Oguz ýurdunda,

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

 

 

Döwletli-döwranly ajap çagda biz,

Dünýä dolan derejeli çagda biz,

Soňlanmajak pasly bahar-ýazda biz,

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

Arkadagyň peşgeşidir bu döwür,

Köňlümiz joşgunly, eşretli ömür,

Göýä jennet deýin diýary görüň!

Baky bagtyň ýurdy Türkmenistanym!

 

Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby.

Ýene-de okaň

Psihologiýa we kämil bilim

Ata Watan Eserleri

Himiýa senagatynyň milli ykdysaydýetdäki orny uludyr

Ankara uniwersitetinde Magtymgulyny öwreniş sapagy

Bilimli nesil – Watanyň daýanjy

Türkmen-ýapon gatnaşyklarynda dilleriň goşandy

Ýapon diliniň ähmiýeti