TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SIZDEN GELENLER

Bagtly geljegiň aýdyň ýoly bilen

Eziz Watanymyz Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk, asuda durmuş we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, dünýä giňişliginde uly abraýa eýe bolýar. Diýarymyz ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna girmek bilen, özüniň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Bu gün senagat taýdan rowaç gadamlar bilen ösýän ýurdumyzda öndürilýän önümler diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarylýar. Şeýlelikde, ýurdumyz innowasiýalara, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanýan, öndüriji güýje eýe bolan döwlete öwrüldi. Ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly önümçilikler döredilip, täze iş orunlary açylýar.

Häzirki wagtda Diýarymyzyň içerki bazarlarynda hil taýdan ýokary we bahasy boýunça amatly harytlaryň ilatymyza hödürlenilmegi azyk bolçulygyny üpjün etmekde toplumlaýyn çäreleriň doly depginde amala aşyrylýandygyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda alyjylarymyza medeniýetli hyzmat etmek, hyzmatlaryň halkara häsiýetlere laýyk bolmagyny gazanmak öňde durýan esasy wezipeleriň biridir. Bu günki gün bazarlarymyzda söwda tekjeleri gök, miwe we bakja önümlerinden bol bolup, ýurdumyzda öndürilýän tüwi, mäş, noýba, şeýle-de dürli görnüşli çörek we çörek önümleri olaryň üstüni ýetirýär. Azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek maksady bilen bazarlaryň ýörite dükanlary et önümleriniň ençeme görnüşleri bilen üpjün edilýär. Oba hojalygyna degişli önümlerden başlap, azyk, süýji-köke, dokma pudagyna degişli önümleriň bolçulygy bilen tapawutlanýan ak bazarlarymyz alyjylaryna giňden hyzmat edýär.

Ýokary hilli, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply azyk we senagat önümlerini öndürip, ýurdumyzyň azyk bolçulygyna uly goşant goşýan, ilatyň isleg bildirýän harytlarynyň aglaba böleginiň öz telekeçilerimiz tarapyndan öndürilmegine şertler döredilýär.

Telekeçilerimiz tarapyndan öndürilýän önümleri ýurduň içerki we daşarky bazarlaryna çykarmaga bolan ägirt uly mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa döwletimiziň söwda dolanyşygyny ösdürmäge hem-de giňeltmäge ymykly täsir edýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçirilýän oňyn özgertmeler ilatymyzyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.

Döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi durnukly hem-de ýokary depginler bilen ösdürmek üçin amatly şertler döredilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ýurdumyzda ykdysadyýeti ýokary depginler bilen ösdürmegiň wajyp düzüm bölegi hökmünde hususy telekeçiligiň ykrar edilmegine getirýär.

Bu gün hususy işewürligiň wekilleri täze ýerleri özleşdirýärler, ýyladyşhanalary gurýarlar, maldarçylygy we guşçulygy ösdürýärler. Olar Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda netijeli işleri alyp barýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öndürilýän önümleriň esasy böleginiň kiçi we orta telekeçilik bilen meşgullanýan işewürlere degişli bolmalydygy barada aýdanlary geljekde hususy telekeçiligiň has-da batly depginler bilen ösjekdigine güwä geçýär.

Batyr Nurgeldiyew, 
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

 

Aşyrberdi Kürt diňe satiraçy ýazyjymydy?

Ýene-de okaň

Türkmen milli mirasynyň belent sarpasy

“Täze eýýamyň üme dessury” atly döredijilik festiwalynyň döwlet tapgyry geçirildi

Nebitgaz pudagynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri

Teswirle