TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

   Bagt ýolum

Söýgi – bu ajaýyp duýgy. Söýgi sözüň manysy uly ony soz bilen beýan etsen, megerem sözler gutarsa gerek. Men öz durmuşymda bolan wakany gowusy gürrüň beräýin.

Ýaz günleriniň biridi 10-njy synpy tamamlap,  tomusky dynç alyşa çykypdyk. Bir gün öýe synpdaşym hem joram Gülälek atly gyz öýe gelipdi. Ikimiz salamlaşansoň ol maňa ýüzlenip joram ýör bileje iş gözläli tomus dynç alyşyny boş geçirmäli hem ene-atamyza kömek bolar diýip ikimiz iş gözläp, şäherimizdäki dükanlara girip, iş soraýadyk welin okuwçy diýsek işe alanokdylar, sebäbi biz tomus möwsümi geçýänça işläp bilerdik, olara bolsa uzak möhletleýin işçi gerekdi, şeýdip iş gözläp ýörşimize gün-günortan bolypdy. Joram öýüne gaýtdy men bolsa göwnüm bir hili şu ýere gir diýen ýaly bolup, bir kiçiräjik dükana girdim. Giremde bir uzyn boýly, ak ýagyz ýaşy ulurak bir erkek adam durdy. Ol dükanyň eýesi Ýunus agady. Bir azjak dükanda durup salam berip çekinjeňlik bilen sözüme başladym, Ýunus aga siz dükana işe kabul edýänizmi ýöne 3 aýlyk diýdim. Ýunus aga oýlanyp durup, bolýa işe alaýyn ýöne iş wagty 8:00 –da 18:00 çenli işlemeli dynç alyş güni ýok, iş haky  300 manat diýip razylaşyp ertesi güni dükana işe başladym. Aýnalary ýuwýadym dükany tämizleýädim gelen müşderilere söwda edýädim. Söwdany gowy özleşdiripdim, şeýdip 3 aý möhletim geçipdi, Onsoň iş hakylarymy jemläp okuwa geýindim depder, ruçka, sumkadyr, köwüş aldym şeýdip täze okuw ýylyna başladyk. Okaýan wagtymda hem oýlanýadym meniň hem hususy dükanym bolsady diýip. Okuw gyzgalaňlydy bahalarym gowudy çörek bahalarym jemlenýädi şeýdip ýyl ahyrlandy, soňky jaň kakyldy hemme okuwy tamamlanymyza gynanyp käte aglaýadyk. Synaglara taýarlyk gidip durdy bir gün agşamlyk nahardan soň telefonyma jan geldi aldym alo diýdim welin bir owadan sesli oglan…..

Oglan- Alo salam Lälezar atly gyzmyka bu diýdi

Gyz- A menem  howa salam men şol gyz

Oglan- Siz meni tanamasanyz gerek. Men şol sizi işe alan dükançy Ýunus aganyň dogany Nobat men diýip ýüzlendi:

Gyz- Men hem oýlanyp durup howa Ýunus aga meniň Nobat diýýän inim bar diýip kän gürrüň berýärdi diýdim.

Şeýdip tanyş bolduk. Okuw synaglary üstünlikli geçdi,  okuwy tamamladyk Nobat bilen men telefon arkaly gürleşýärdik. Nobat şol wagt Balkan welaýatynda işleýärdi, biz şeýdip bir – biregimizi görmän telefon arkaly günläp aýlap gürleşýärdik, şeýdip güýz aýlarydy Nobat dost oglanynyň toýuna gelmelidi, işden jogap alyp öýüne gaýtdy. Öýüne gelip aradan bir – iki gün öten soň Lälezar men seni görmek isleýärdim nirede duşuşsak bolýar diýdi, Men hem gyz näzini edip özüme makul bolan wagtyny aýdaryn diýdim. Ertiri güni ekemleriň öýüne gitmekçi bolup ýola düşdim şol wagty Nobada jaň etdim men şu wagt ýolda görmek isleseňiz 4-nji çagalar bagynyň deňinde duruň diýdim. Şeýdip barşyma aýdylan ýere  Nobatdan öň barypdyryn, garaşyp durdym. Yzyma seretsem bir görmegeý ýigit gelýär, derrewjik öňüme seretdim. Deňime syratly, ak ýüzli, mähirli, gözleri-gaşlary garaja, nurana ýüzli, orta boýly ýigit gelip durdy. Men Nobada bu dereje gowuja diýip pikir hem etmändim.

– Salam diýip elini uzatdy. Menem şeýle bir doňup galypdym aljyraňlyk bilen salamlaşyp, şeýdip söýgi taryhymyz başlady. Şeýdip tanyşanymyzdan soň Nobat işine gitdi. Ýenede biz telefon arkaly habarlaşmana başladyk. Günler , aýlar geçdi şeýdip söýgi ummanynda ýüzüp ýörşimize meniň daşary ýurda ýokary okuwa jaýyna gitmeli wagtym gelipdi. Emma men, Nobat meni okuwa gitsem ýatdan çykarar öýdip gorkup şol gorky bilen okuwdan galmaly boldym. Ýöne men okuwçy döwrümde himiýa, biologiýa sapaklaryna işjeň gatnaşýardym we olimpiadalara gatnaşýardym, Meniň arzuwym mugallym bolmakdy, ýöne meniň söýgüm arzuwlarymdan üstün çykdy. Şeýdip biz 2019-njy ýylyn dekabry aýynyň 5-de durmuş toýyny gurdyk. Söýgümiz öňküden hem has beter berkedi. Gaýynenem bolsa gelin seni oglumy bilen indiki ýyl ýokary okuw mekdebinde okadaryn diýdi. Biziň bagtly durmuşymyz başlady, öň pikir edýärdim men Nobat üçin hemme zatdan geçdim. Meni hem şeýle söýýärmikä diýip. Men Nobady saýlap ýalňyşmandyryn, mendenem artyk söýýänine gözüm ýetdi. Men maşgalam bilen bagtly durmuşda ýaşaýaryn. Söýgi kalplarda baky ýaşasyn.

 

Lälezar Bekmuradowa,

Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Gazojak şäheriniň ýaşaýjysy.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

 

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle