TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

“Ba­ga­ja” gaz kä­ni üçin tehniki enjamlar satyn alnar

 Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry Ş.Abd­rah­ma­now “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň mad­dy-teh­ni­ki en­jam­la­ry we se­riş­de­le­ri sa­tyn al­ma­gy ha­kyn­da” Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, bu mad­dy-teh­ni­ki en­jam­lar we se­riş­de­ler “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň Ba­ga­ja­nyň ga­zy aras­sa­la­ýan we su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy ön­dür­ýän des­ga­sy­ny do­ly kuw­wa­ty­na çy­kar­mak ar­ka­ly “Ba­ga­ja” gaz kä­nin­de te­bi­gy ga­zyň çy­ka­ry­ly­şy­ny hem-de su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zyň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na de­giş­li Ka­ra­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­le­nil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň dur­nuk­ly we ne­ti­je­li işi­niň bu pu­da­gyň dü­züm­le­ri­niň önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak, teh­ni­ka­la­ry we en­jam­la­ry tä­ze­le­mek, in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak bi­len gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz de­giş­li Ka­ra­ra gol çe­kip, ony san­ly ul­gam ar­ka­ly wi­se-prem­ýe­re iber­di hem-de res­mi­na­ma­nyň ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Şeý­le-de wi­se-prem­ýer “Türk­men­ne­bit” döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan ne­bit kän­le­ri­ni düýp­li öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hä­zir­ki wagt­da döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan “Çe­le­ken” kä­ni­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän meý­dan­ça­la­ry düýp­li öz­leş­dir­mek, tä­ze ne­bit gu­ýu­la­ry­ny gaz­mak ar­ka­ly çy­ka­ryl­ýan ne­bi­tiň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.

Ýene-de okaň

Çawuşogly: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy ösdüreris

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan demirýol ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

100 milliard dollar ýitiren ilkinji adam

Teswirle