TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
MEDENIÝET

“BAFTA 2022” baýraklary gowşuryldy

Beýik Britaniýanyň film we telewideniýe sungaty akademiýasynyň (BAFTA) baýraklarynyň üstümizdäki ýyldaky ýeňijileri yglan edildi. “The power of the dog” iň gowy film we iň oňat režissýor baýraklaryny alan bolsa, “Dune” filmi hem 4 kategoriýada baýrak aldy. Şu ýyl 75-nji gezek geçirilen “BAFTA” baýraklarynyň ýeňijileri Angliýanyň paýtagty Londonyň “Royal Albert” zalynda geçirilen dabarada yglan edildi.

“The power of the dog” filmi “Iň gowy film” we “Iň gowy režissýor” baýraklaryna eýe boldy.

Deni Wilnýowyň režissýorlygyny eden “Dune” “Iň oňat önümçilik dizaýny”, “Iň oňat wizual effektler”, “Iň gowy ses”, “Iň oňat bal” kategoriýalarynda baýrak aldy.

“BAFTA” baýraklarynyň kategoriýalary we ýeňijileri aşakdakylar:

Iň gowy film

“The power of the dog”

Iň gowy režissýor

Jeýn Kempion (The power of the dog)

Iň gowy zenan aktrisa

Joanna Skenlen (After love)

Iň gowy erkek artist

Will Smiz (King Richard)

Iň gowy kömekçi zenan aktrisa

Ariýana Dibose (West side story)

Iň gowy erkek kömekçi artist

Troý Kotsur (Coda)

Iň gowy original senarýa

“Licorice Pizza” (Paul Thomas Anderson)

Iň gowy dokumental film

“Summer Of Soul” (Or, When The Revolution Could Not Be Televised)

Iň gowy iňlis filmi

“Belfast”

Iň gowy çykyş eden iňlis filmi

“Belfast”

Iň gowy kinomatografiýa

Greig Fraser (Dune)

Iň gowy görnüş senarýasy

Coda (Sian Heder)

Iň gowy anmimasiýa filmi

“Encanto”

Iň gowy daşary ýurt filmi

“Drive My Car”

Iň gowy hyýaly film

“No Time To Die”

Iň gowy önüm dizaýny

“Dune”

Iň gowy wizual täsirli film

“Dune”

Iň gowy makiýaž we saç

“The Eyes Of Tammy Faye”

Iň gowy egin-eşik dizaýny

Kruella (Jenny Beavan)

Iň gowy ses

“Dune” (Hans Zimmer)

Iň gowy aýdym

“Dune”

Her ýyl “Oskar” baýrak gowşurylyş dabarasyndan iki hepde öň berilýän “BAFTA” baýraklary, “Oskar” baýragynyň eýeleri barada maglumat diýilýär.

Merkezi saýlaw topary: saýlawlaryň netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler

Ýene-de okaň

“Senetçilik we amaly-haşam sungaty dünýä halklarynyň mirasynda” atly halkara festiwaly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň «Ural» tans toparynyň Türkmenistandaky ilkinji çykyşy

Oktýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler

Teswirle