Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Dubaýyň hökümdary Şeýh Muhammed ben Raşi Al-Maktum Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa enesi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa käbäsi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy zerarly çuňňur gynanç hatyny iberdiler.
Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Instagram” jemgyýetçilik torunda bellenilip geçilýär.