SIZDEN GELENLER

Badamjanyň ähmiýeti we biologiki aýratynlyklary

Badamjan giňden ýaýran gök ekindir, aýratyn-da onuń ösmegi üçin amatly şertleri bolan günorta ýurtlarda has köp ekilýär. Ekerançylyk ýerlerine giň ýaýranlygyna garamazdan, badamjanyň tutýan meýdany-da onuň hojalyk taýdan ähmiýeti-de beýleki gök ekinleriňkiden pesdir. Badamjan azyk, konserwa senagaty üçin çig mal edilip ulanylýar. Ondan konserwa, badamjan ikrasy, farşlanan badamjan, dürli marinadlar taýýarlanýar we duza ýatyrylýar. Badamjan – Solanum melongena. Itüzümler maşgalasyna degişli bolup, esasan birýyllyk otjumak ösümliklerdir. Baldakda ýapraklary nobatlaýyn ýerleşýär, ýaprakýansyz. Gülleri dogry, iki jynsly, gülýany ikileýin. Gül täç ýapraklary birleşen. Miweliginiň düwünçegi üç hanaly. Gülleriñ reñki ak, gök, melewşe, dürli öwüşginli bolýar. Onuň boýy 100-120 sm ýetýär. Miweleriniň şekili sortuna, görnüşine baglylykda dürli bolup bilýär.

Badamjan miweleriniň dürli görnüşleri

1-ýaşajyk ösümlik;

2-güllän baldagy;

3- tohumy;

4-Donsk hasylly sorty,

5-Delikates sorty;

6-Şar şekilli sorty.

Badamjanda glýukozasy köp bolan şeker hem-de mineral maddalardan kalsiý,fosfor we demir bardyr. Onuň düzüminde witamin köp däldir, maýyl howany halaýar. Badamjanyň tohumy howanyň temperaturasy 20 0 C maýýl bolanda gögerýär. 01 20-25 0 C-da oňat ösýär. Köpçülikleýin hasyllaýan döwründe gaty ýyly howa bolan islegi peselýär. Howanyň temperaturasy 30 0 C-dan ýokary bolup, topragyň yzgary we howanyň çyglylygy ýetmezçilik eden-de, badamjanyň düwünçekleri dökülip başlaýar. Badamjan topragyň yzgarly we mes bolmagyny, dökün dökülmegini halaýar. Esasy iýmit elementlerinden ol azot, fosfor we kaliý dökünleri halaýar. Şoňa görä-de badamjana kombinirlenen dökün, ýagny organiki dökünler bilen mineral dökünler bilelikde dökülmelidir.

 

Roziýewa Ejegyz,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk

uniwersitetiniň talyby

 

 

“Soltan Jelaleddin” sahnada  

 

 

 

Ýene-de okaň

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk

Saglyk – baýlyk

Baş maksat – ilatyň saglygy

Matematika – ylmyň möhüm ugry

Bilimde innowasion ösüşler

Nebitgaz pudagynyň möhüm taslamalary