JEMGYÝET

Babuşkin: Astrahan bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda awiagatnawlary açmagy maslahatlaşdyk

Şu günler ýurdumyzda  Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin saparda bolýar. Russiýanyň iri sebitleriniň biriniň gubernatory Igor Babuşkin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşyp, duşuşykda Astrahan oblasynyň Türkmenistan bilen yzygiderli gämi gatnawyny ýola goýmagy maksat edinýändigini, munuň ýük gatnamalarynyň täze möçberini gazanmaga hem-de Astrahanyň oba hojalyk önümleriniň eksportuna mümkinçilik berjekdigini belledi. Bu barada Igor Babuşkin özüniň resmi “Telegram” jemgyýetçilik torunda belläp geçdi.

– Özara söwdanyň möçberini artdyrmak, gämi gatnawlary we syýahatçylygy ösdürmek, gämigurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek we ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek biziň hyzmatdaşlygymyzyň esasy ugurlarydyr – diýip, Babuşkin belleýär.

Onuň bellemegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti bilen Türkmenistanyň Astrahanda logistika merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek üçin örän möhüm bolup durýar.

Şeýle hem Astrahan bilen Türkmenbaşy şäheriniň arasynda awiagatnawlary açmak meselesi barada pikir alşyldy. Mundan başga-da, rus syýahatçylarynyň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda dynç almagyny guramak babatda özara pikir alyşmalar geçirildi.

– Bilim ulgamynda hyzmatdaşlygymyzy giňeldýäris. Biziň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň sany ep-esli artdy. Şu okuw ýylynda biziň sebitimizde Türkmenistanyň 1800 raýaty bilim alýar – diýip, gubernator belläp geçdi.

Astrahan oblastynyň gubernatory Türkmenistanyň Prezidentine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerine berýän ünsi üçin hoşallyk bildirip, “Biziň sebitimiz üçin Türkmenistan diňe bir strategik hyzmatdaş däl, eýsem ýakyn we ygtybarly dost” – diýip belledi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň wise-prezidenti Arkadag şäherine baryp gördi

Ata Watan Eserleri

Jewdet Ýylmaz: türkmen tebigy gazyny dünýä bazaryna çykarmakda hyzmatdaşlyga taýýardyrys

Ahalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň sanawynda

Hökümetara türkmen-türk toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

Jewdet Ýylmaz: Türkmenistan esasy söwda hyzmatdaşymyz

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi badalga aldy

Ata Watan Eserleri