TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

Aziýanyň iň gowy futbolçysy – Son Hyn Min

“Fox Sports Asia” teleýaýlym torynda 2020-nji ýylda Aziýanyň iň gowy futbolçysy diýen dereje eýe boljak futbolçy dalaşgärler üçin  ses berlişik geçirildi. Bu ses berlişikde Angliýanyň “Tottenham” futbol toparynyň hüjümçisi, Günorta Koreýanyň milli ýygyndysynyň ezber futbolçysy Son Hyn Min 286 utuk bilen ýeňiş gazandy. Şeýle hem geçen ýylda bu hüjümçi iň owadan gol, ýagny “Puşkaş” baýragyna mynasyp boldy.

2017-nji ýyldan bäri Aziýanyň iň gowy futbolçysy baýragyna eýe bolup gelýän son Hyn Min ýaňy-ýakynda bolsa “Tottenhem” toparynyň düzüminde özüniň 100-nji goluny geçirmegi başaryp, ýene-de bir üstünlige eýe boldy.

Sanawda Ikinji oruny bolsa Russiýanyň “Zenit” toparynyň we Eýran Yslam Respublikasynyň milli ýygyndysynda çykyş edýän hüjümçisi Serdar Azmun eýeledi. 2020-nji ýylda “Zenit” toparyň düzüminde 32 duşuşykda oýnan Azmun 9 gezek ýardam pasyny we 21 gezek gol geçirmegi başardy. Mundan daşary hem topar bilen Russiýanyň kubogynda, Naýbaşy kubogunda we ýurduň çempionatynda çempion boldy. Üçünji orny Ýaponiýanyň “Ulsan” futbol toparynyň hüjümçisi Junior Hegrao eýeledi.

2020-nji ýylda Aziýanyň iň gowy 10 sany futbolçysynyň sanawy:

  1. Son Hyn Min (“Tottenhem”)
  2. Serdar Azmun (“Zenit”)
  3. Junior Hegrao (“Ulsan”)
  4. Andres Iniesta (“Wissel Kobe”)
  5. Ýon Bit-garam (“Ulsan”)
  6.  Akram Afif (“Al-Sadd”)
  7.  Aleks Teýşeýra (“Sýansu Sunin”)
  8.  Takefusa Kubo (“Wilýareal”)
  9.  Mehdi Taremi (“Porto”)
  10. Hwan Hi-Çan (“RB Leýpsig”)

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

Ýene-de okaň

Katar-2022: Günorta Koreýa Portugaliýany ýeňip, 1/8 finalda

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katar-2022: Ýaponiýa pleý-off tapgyrynda, Germaniýa öýüne dolandy

Teswirle