TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Aziýanyň ilkinji ýük howa menzili açyldy

Hytaýyň merkezi bölegindäki Hubeý welaýatynda Aziýanyň ilkinji ýük howa menzili açyldy. Bu ýöriteleşdirilen aeroport ýükleriň daşalmagy üçin birnäçe artykmaçlyklara eýedir.

Täze Huahu howa menzili Eçžou şäheriniň çäginde ýerleşip, Uhan şäheriniň 80 kilometr gündogarynda ýerleşýär. Howa menziliniň 100 kilometrlik radiusynda milli derejede 7 sany ykdysady ösüş zolagy bar.

ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Russiýanyň kärhanalary we awiakompaniýalary hyzmatdaölyk üçin özleriniň tekliplerini hödürlediler. Ýükleriň daşalmagy noýabr aýynda başlanar we 3 ýyldan soňra aeroportuň ýük dolanyşygy 2,5 million tonna barabar bolar.

Geçen ýyl Hytaýyň kompaniýalary 108 milliard bukjalaryň üpjün edilmegini amala aşyrdylar.

Täze howa menziliniň ikinji derejeli wezipesi ýolagçy gatnawlaryna hem hyzmat etmek bolup durýar.

 

Türkmenistan täze ulag geçelgelerini öňe sürýär

Ýene-de okaň

Dizel ýangyjyna we nebit ýol bitumyna isleg bildirildi

Döwlet býujeti: çykdajylaryň 75 göterim durmuş ulgamyna gönükdiriler

Internet paketleriniň täze nyrhlary: Türkmenistan

Baş Redaktor

Teswirle