Türkmenistanyň topary Wladiwostok şäherinde geçirilen «Aziýanyň çagalary» atly VII Halkara sport oýunlaryna gatnaşdy. «Aziýanyň çagalary» Halkara oýunlaryna 12 döwletden – Ermenistandan, Owganystandan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Liwandan, Mongoliýadan, Pakistandan, Taýlantdan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Russiýanyň sekiz sebitinden 13-16 ýaş aralygyndaky türgenler gatnaşdylar. Oýunlara gatnaşýanlar sportuň 19 görnüşi boýunça 273 medal ugrunda bäsleşdiler.
Türkmenistanly ýaş türgenler hem bu halkara sport oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, 16 medal gazanmagy başardylar. Türkmen türgenleri 16 medala, ýagny 2 altyn, 3 kümüş, 11 bürünç medala mynasyp boldular.
Türkmenistanly ýaşlar sportuň ýeňil atletika we erkin göreş ugrunda altyn medal gazandy. Şeýle hem türkmen türgenleri stoluň üstünde oýnalýan tennis, kuraş, sambo, erkin göreş ýaly ugurlarda baýrakly orunlary eýelemegiň hötdesinden geldiler.
«Aziýanyň çagalary» Halkara sport oýunlary Halkara Olimpiýa komitetiniň we ÝUNESKO-nyň howandarlygynda her dört ýyldan bir gezek geçirilýär. Bu oýunlar ilkinji gezek 1996-njy ýylda häzirki Olimpiýa Hereketiniň 100 ýyllygyny bellemek maksady bilen geçirildi. Oýunlaryň esasy maksady çagalar we ýetginjekler sportuny ösdürmek, halkara sport hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem Olimpiýa hereketini wagyz etmekdir.
Soňky 25 ýylyň dowamynda Aziýanyň 30-dan gowrak ýurdundan müňlerçe ýaş türgen bu oýunlara gatnaşdy. Olar Olimpiýa oýunlarynda, dünýä we yklym birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, baýraklara mynasyp boldular.