TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aziýa kubogy Hytaýda geçiriler

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) ýakynda PariŽ şäherinde geçirilen nobatdan daşary kongresinde 2023-nji ýyldaky Aziýa çempionatynyň geçiriljek ýeri takyklaşdyryldy. Ozalyndan hem garaşylyşy ýaly, yklym ýaryşyny geçirmek hukugy resmi ýagdaýda Hytaýa berildi.

Hytaý yklym ýaryşyny 19 ýyldan soňra ikinji gezek kabul eder. 2004-nji ýylda geçirilen Aziýa çempionatyna Türkmenistanyň futbol ýygyndysy hem gatnaşypdy. Bu ýaryş biziň ýygyndymyzyň gatnaşan ilkinji yklym çempionatydyr. Şondan soň türkmen futbolçylary diňe şu ýyl BAE-de geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşyp bildiler.

Horwatiýaly hünärmen Ante Mişeniň ýolbaşçylygyndaky futbol ýygyndymyz şu günler yklym ýaryşynyň we 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryna Dubaý şäherinde türgenleşýär. Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýaryşa saýlama tapgyrlaryň ikinji ädiminden girişer. Duşuşyklara şu ýylyň sentýabr aýynda badalga berler.

Ýene-de okaň

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi

Teswirle