TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

«Azercell» weteranlara azyk paýlady

Azerbaýjanyň «Azercell Telecom» kompaniýasy Ýeňiş gününde ýurtdaky weteranlara haýyr-sahawat işlerini alyp bardy ― diýip, «Turan» habarlar agentligi ýazýar.

Has takygy, kompaniýa Ýer ýüzünde Beýik Ýeňşiň 75 ýyllyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde Azerbaýjandaky uruş weteranlarynyň her biriniň öýüne uly mukdardaky azyk harytlaryny ugratdy.

Bu haýyr-sahawat işinde weteranlaryň hiç biri hem ýatdan çykarylmady. Azyk önümlerini olaryň öýne çenli ýetirmek işlerine «Azerpost» kompaniýasy hem ýakyndan gatnaşdy. Ýurduň Ulag, aragatnaşyk we ýokary tehnologiýalar ministrligi bolsa ýükleriň öz wagtynda eltilip, baýramçylyk gününde weteranlaryň begenmegini üpjün etmäge ýakyndan gatnaşdy.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Russiýa: ylalaşyklaryň toplumyna gol çekiler

Türkmenistanyň Prezidenti Sadyr Žaparowy doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Azerbaýjana sapary

Teswirle