TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Azerbaýjanyň umumy milli lideri Geýdar Aliýew hatyralandy

Şu gün Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Azerbaýjan Respublikasynyň umumy milli lideri Geýdar Aliýewiň doglan gününiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaraly çäre guraldy.

Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hasan Zeýnalowyň gurnamagynda geçirilen dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral. şol sanda Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we beýleki döwletleriň Aşgabatdaky ilçileri, Aşgabatdaky Azerbaýjanyň raýatlary we metbugat wekilleri gatnaşdy.

Dabarada çykyş eden Azerbaýjanyň ilçisi Hasan Zeýnalow azerbaýjan halkynyň ýüreginde uly orun eýelän umumy milli lider Geýdar Aliýewiň Azerbaýjan Respublikasynyň hem-de azerbaýjan halkynyň öňünde bitiren uly hyzmatlary barada gürrüň berdi.

Dabaraly çärede edilen çykyşdan soňra Geýdar Aliýewiň durmuşy barada gysga göwrümli film görkezildi. Onda Azerbaýjan döwletiniň taryhynda uly yz goýan Geýdar Aliýewiň amala aşyran beýik özgertmeleri, syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni ulgamlarda amala aşyran işleri barada gyzykly wideosýužetler görkezildi. Wideo filmde Geýdar Aliýewiň durmuş ýoly barada foto hem-de wideoşekiller bar.

Geýdar Aliýew 1923-nji ýylyň 10-njy maýynda Azerbaýjanyň Nahçywan şäherinde dünýä inen Azerbaýjanyň hem-de tutuş dünýäniň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysydyr. 1993-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda ählihalk saýlawlarynyň netijesinde Geýdar Aliýew Azerbaýjan Respublikasynyň prezidentligine saýlandy.

Ol 2003-nji ýyla çenli Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti wezipesinde işläp, häzirki zaman Azerbaýjan döwletiniň ösüşinde uly orun oýnady. Ol 2003-nji ýylyň 12-nji dekabrynda aradan çykdy.

Geýdar Aliýew döwlet Baştutany wezipesinde işlän döwründe köp sanly baýraklaryň hem-de hormatly atlaryň eýesi boldy.

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň doglan güni ÝUNESKO tarapyndan bellener

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisine gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

“Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi”:Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy

Teswirle