TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Azerbaýjanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary Batyr Atdaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmen wekiliýeti ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Baku şäherine bardylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumy boýunça orunbasary Batyr Atdaýew Prezident Ilham Aliýewe Türkmenistanyň Prezidentiniň gyzgyn salamyny ýetirdi. Wise-premýer şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň VI sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen Azerbaýjanyň Prezidentiniň bu saparyna uly ähmiýet berlendigi bellenildi.

Azerbaýjanyň Prezidenti bilen geçirilen duşuşykda iki ýurduň arasyndaky energetika, ulag we logistika toplumlaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söwda dolanyşygynyň ýokarlanandygy bellendi we söwda hyzmatdaşlygyny has-da giňeltjek täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem gämi gurluşygy, gämi abatlamak we beýleki senagat pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Portugaliýa ilçi belledi

Nazarbaýew Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň daşary işler ministrine täze orunbasar bellendi

Ata Watan Eserleri

Teswirle