Azerbaýjanda ýel elektrik bekediniň düýbi tutuldy

Azerbaýjanda 240 Mwt kuwwatynda ýel elektrik bekediniň düýbi tutuldy. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň gatnaşmagynda geçirilen dabarada düýbi tutulan ýel elektrik bekedi Saud Arabystany Patyşalygynyň “ACWA Power” kompaniýasy bilen bilelikde gurlar.

“Hyzy-Abşeron” ýel elektrik bekediniň düýbüniň tutulyş dabarasyna Saud Arabystany Patyşalygynyň energetika ministri şazada Abdul Azin ibn Salman Al Saud hem gatnaşdy.

Prezident Aliýew bilen Saud Arabystanynyň ernegetika ministri täze desganyň düýbüni tutdy. Azerbaýjanyň Prezidentiniň pikirine görä, elektrik bekedi gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda ýurtda iň ulusy bolar we daşky gurşawy gowulaşdyrmaga kömek eder.

Täze elektrik bekediniň düýbüniň tutulyş dabarasynda Azerbaýjanyň Energetika ministrligi bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň “ACWA Power” kompaniýasynyň arasynda deňiz elektrik beketleri ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekildi.

Azerbaýjan Respublikasy Saud Arabystany Patyşalygynyň “ACWA Power” kompaniýasy bilen 240 MWt kuwwatyndaky “Hyzy-Abşeron” ýel elektrik bekediniň gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk edýär, bu maýa goýum taslamanyň umumy bahasy 300 million dollara deňdir.

Saud Arabystany Patyşalygynyň “ACWA Power” kompaniýasynyň şu wagta çenli önümçilik kuwwaty 42800 MWt-a deň bolup, şonuň 14900 MWT-yny gaýtadan dikeldilýän energiýa pudagynda amala aşyrdy. Kompaniýanyň maýa goýum portfeliniň ululygyny 67,2 milliard ABŞ dollaryna deňdir.

 

Uzynada meýdançasynyň nebit gory 5 million tonna

 



ÝENE-DE OKAŇ

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça sanly ulgam arkaly Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sammite gatnaşdy. Sanly ulgam arkaly ýokary derejeli duşuşyga Merkezi Aziýa sebitiniň beýleki döwletleriniň Baştutanlary — Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem-de Özbegistan...
Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi. Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi. Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň...
Dünýäniň iň baý adamlarynyň biri hasaplanýan "Amazon" kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jeff Bezos futbol dünýäsine aralaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Italiýanyň metbugaty habar berýär. Metbugatyň habaryna görä, Italiýanyň Naples şäherinde kosmos bazasyny gurmak isleýän Bezos şol bir wagtda "Napoli" toparyny hem satyn almagy meýilleşdirýär. "Napoli" topary De Laurentisden Jeff Bezosa geçmeigne garaşylýar. Kino prodýuseri Aurelio de Laurentis "Napoli" topary bilen bir hatarda Italiýanyň aşaky...
Şu gün “Hytaý-Merkezi Aziýa döwletleri” döwlet Baştutanlarynyň sanly ulgam arkaly sammiti geçirildi. Onlaýn tertibinde geçirilen bu sammit Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy esasynda geçirilýän bu sammite Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy. Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geçen 30 ýylyna syn berlen onlaýn...
Dünýäniň iň baý tehnologiýa milliarderleriniň umumy baýlygy 2022-nji ýylyň başyndan bäri 85,7 milliard dollar azaldy. Ilon Mask, Jeff Bezos, Bill Geýts, Larri Page we Mark Zukerbergiň baýlygynyň azalmagy; inflýasiýa we göterim derejesiniň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly boldy. Ine, dünýäniň iň baý adamlarynyň baýlygynda ýitirilen milliardlarça dollar... Dünýädäki iň baý bäş adamyň baýlygy, geçen hepdäniň bazaryndaky satuwdan soň uly täsir galdyrdy. 2022-nji...

Iň täze habarlar