DÜNÝÄ

Azerbaýjan bilen Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça hyzmatdaşlyk edýär

BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynda “Dubaýdan Baku barýan ýol – Pre-COP29” atly duşuşyk geçirildi. Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow çärä gatnaşyjylaryna ýüzlenip, СОР29-yň şu ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriljekdigini, şeýle hem bu ählumumy maslahatyň geçirilmegi Azerbaýjan üçin möhüm tapgyrdygyny aýtdy. Bu ýerde Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegi barada alynyp barylýan işlere goşan goşantlaryny bellemek gerek. Azerbaýjan ýaşyl ösüşi özgerişiň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Milli we halkara derejede howanyň hereketine itergi bermek maksady bilen 2024-nji ýyl “Ýaşyl dünýäniň hatyrasyna raýdaşlyk ýyly” diýilip yglan edildi.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň alternatiw energiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly möhüm meselelerde iş alyp barýandyklaryny Ilçi Gismat Gozalow belläp geçdi. Iki ýurduň nebite hem tebigy gaza baýdygyny belläp, doganlyk ýurtlaryň ikisi-de metanyň zyňyndylary bilen baglanyşykly borçlaryny ýerine ýetirip, howanyň üýtgemegi baradaky taslamalara goşantlaryny goşýandyklary diýseň buýsandyryjydyr. Doganlyk ýurt bolan Türkmenistanyň hem COP 29-a gymmatly goşant goşjakdygyna ynanýarys.

Ilçi СОР29-da hemmeleriň köpçülikleýin gyzyklanmasy bolan klimat krizisine garşy göreşmäge çagyrdy. Her kimiň deň derejede dürli milli ýagdaýlara esaslanyp özleriniň goşant goşmak wagty gelendigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, COP28-de BAE-nyň prezidentligi, häzirki we geljekki COP Prezidentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dowamlylygy gowulandyrmaklygy maksat edinip COP29 we COP30-yň geçirilmegi bilen bagly Azerbaýjan we Braziliýa COP Troika bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy, bu bolsa howanyň hereketiniň ýokarlanmagy ‘Mission 1.5 ° C’ goldaw boldy.

Ilçi ýaşlaryň daşky gurşawy goramakdaky täsirini göz öňünde tutup, olar has gowy geljegiň açary bolup durýandygyny aýtdy. Howanyň üýtgemegi boýunça wagyz etmekde, täsir etmekde we talap etmekde ýaşlar öňdebaryjy orny eýeleýärler. Ýaşlar innowasiýa, yzygiderli tejribe we jemgyýetiň gatnaşmagy arkaly howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge işjeň goşant goşýarlar. Türkmenistanda köp ýaşlar howanyň üýtgemegi we bu meselede ýaşlaryň möhüm ornuny has gowy bilýärler.

BAE-de COP 28-de Türkmenistandan gatnaşan ýaşlaryň gazanan tejribeleriniň Bakuda geçiriljek COP 29-da görkezmäge taýýardyklary biziň üçin gymmatlydyr.

Azerbaýjanyň ýaşyl energiýa geçişinde sebitde öňdebayrjylaryň biridigini bellän Gismat Gozalow soňky ýyllarda ýurduň ähli ýerinde ýaşyl taslamalar ileri tutulýandygyny belledi.

Şu ýylyň ahyryna çenli ýene-de 5 sany alternatiw energiýa taslamasy tamamlanar. Geçen hepdede BAE-nyň “Masdar” kompaniýasy Azerbaýjan bilen 1 gigawatlyk Gün we ýel energiýasynyň 3 stansiýasyny gurmak barada şertnama baglaşdy.

Garabag we Gündogar Zangezur ykdysady zolaklary, Nahçewan awtonom respublikasy 2050-nji ýyla çenli zyňyndylardan arassalan zolaklar bolar. 2030-njy ýylda Azerbaýjanda elektrik energiýasynyň öndüriliş kuwwatynyň täzelenýän çeşmeleriniň paýy 30 göterime ýeter. Mundan başga-da, Azerbaýjanyň Gara deňiz suwasty elektrik kabel taslamasy Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirer.

Ýene-de okaň

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Jeýms Dewid Wens ABŞ-nyň wise-prezidentligine dalaşgär

Slowakiýa Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Türkmenistanyň we Yragyň BAE-däki ilçileriniň duşuşygy

Türkmenistanyň ilçisiniň BAE-niň Daşary işler ministrligindäki duşuşygy