TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

Aýyň täleýnamasy: Awgust

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Gündelik täleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne  basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!

 Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz,  onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň.  Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Gündelik täleýnamasy bilen işjeň gyzyklanýan okyjylar! Size tutuş awgust aýynyň täleýnamasyny hödürleýäris.Umuman aýdanyňda, awgust amatly aý bolar, ondan aýratyn päsgelçiliklere we kynçylyklara garaşyp oturmaň. Ýakynlaryňyz bilen gatnaşyklary saklamak we birek-birege goldaw bermek möhümdir. Özüňizde bolup geçýän zatlaryň hemmesine aşa uly baha bermäň. Esasy zat özüňize üns beriň we gowy zatlara garaşyň.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Tomsuň soňky aýynda, ýyldyzlar hamallara täze perspektiwalary wada berýär. Siz ähli güýç-kuwwatyňyzy-da häzir diňe şoňa sarp etmelisiňiz. Güýjüňizi nirä ulanmalydygyňyzy kesgitlemeseňiz, olaty biderek zada gönükdirmek howpuňyz bar.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Ýyldyzlar sowurlara manysyz oýlanyşyga wagt gidirmezden, awgust aýynda özlerini telekeçilik bilen meşgullanmaga bagyşlamagy maslahat berýär. Peýdaly bir zat ediň, maşgala dawalaryna göz aýlamaň we howply sport görnüşlerinden ägä boluň.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Jöwzalar tutuş awgust aýyny diňe gürleşip geçirerler. Eger iş öz-özünden gidýän bolsa we global tagallalary talap etmeýän bolsa ýa-da dynç alýan bolsaňyz, maşgalaňyz we ýakyn dostlaryňyz bilen aragatnaşyk gaty gymmatly bolar.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Awgust aýynda seretanlar ahyrsoňy köpden bäri dowam edip gelýän maliýe meselelerini çözüp biler, ýöne çykdajylar hem artyp biler. Ýyldyzlar, eger puluň ýene gelmegini isleseňiz, halkyň paýhasyny ýada salmagyňyzy maslahat berýär, “Sabyrly gul dura bara beg bolar”.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Esetler üçin öwrülişik pursaty gelýär, iň bolmanda, şeýle döwür size täleýnama tarapyndan wada berilýär. Geçmişi geçmişde galdyryp, özüňizi şahsyýet we hünär taýdan üýtgetmegiň wagty. Pul bilen bagly meselelerde seresap boluň.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Sünbülelere öz ýürek seslerini diňlemegi maslahat berýär. Siziň aň-düşünjäňiz, belli bir çylşyrymly ýagdaýda nädip hereket etmelidigiňizi sizden has gowy kesgitleýär. Ýiti enjamlar bilen işleşeniňizde seresap boluň.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Awgust aýynda ýyldyzlar mizanlara öz-özüni ösdürmegi maslahat berýär – täze başarnyklar häzirki wagtda diýseň çalt özleşdiriler. Ýöne başga zatlary hem ýatdan çykarmaň. Bu aý siziň romantiki başdangeçirmeleriňiz bolup biler we adaty gündelik işi üýtgemeli bolar.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Awgust aýynda akraplar işinde garaşylmadyk üstünlik gazanarlar. Seýlelikde siz şahsy durmuşyňyzy we ýakynlaryňyz bilen aragatnaşygy yza goýup, özüňizi durkuňyz bilen işe gönükdurmeli bolarsyňyz. Emma ýakynlaryňyz size doly düşünerler we karýeradaky üstünlikleriňize mynasyp baha bererler. Şonuň üçin mümkinçilikleriňizi elden gidirmäň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)      

Kowuslar awgust aýynda birden durmuşyň manysyny gözläp başlarlar we ikinji ýarymda düşünişmezlik bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Bu siziň üçin aňsat döwür bolmaz, ynam gaty ýetmezçilik eder, esasy zat ruhdan düşmeli däl we gatnaşyklary bozjak howlukmaç kararlery bermeli däl.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Awgust aýynda öz ýekeliginden lezzet alýan introwert jediler üçin bu ýalňyzlyk içgysgynç görünip başlar. Negatiwlige geçmezlik maslahat berýär. Daşarky dünýä bilen aragatnaşyk peýdaly bolup biljek täze tejribäni gazanmagyňyza peýda getirer.

Daluw (gowa 21.01-20.02)

Daluwlar garyndaşlar, kärdeşler we hatda tötänleýin ýoldaşlar bilenem işjeň gatnaşykda bolmakdan çyn ýürekden lezzet alar. Maşgalaňyza bolan ünsüňiz, gatnaşyklarda bökdençlik döredýän, köpden bäri dowam edip gelýän ownuk dawa-jenjelleri ýok edip biler.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Awgust aýynda ýyldyzlar hutlara ýene bir karýera basgançagyna galmagy wada berýär. Taslamalaryňyz bilen gyzyklanmaýanlary-da hatda söz bilen hem hyzmatdaşlyga çekip bilersiňiz. Işewürlikde emosiýalary bir gyra aýyryň. Ol şahsy durmuşyňyzda has peýdaly bolar. Çünki häzir şahsy durmuşyňyzda hem täze öwrümler garaşýar.

Ýene-de okaň

26-njy noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

24-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Teswirle