TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
ATAWATAN ESERLERİ

Aýralyk

Sen meni, orta ýolda goýup gideňsoň, aýralygyň nähili derejede agyrdygyna düşündim. Söýgüni öwredipdiň, ýöne sensiz durmuşda ýatlamalar bilen göreşip ýaşamaklygy durmuşdan öwrendim. Aslynda, men, durmuşyň çylşyrymly synaglarynyň köpdügine göz ýetirdim. Durmuş ilki synag edýän eken, soňra ýaşaýan zatlaryňy düşündirýän eken. Ellerimden elleriňi çeken pursadyňdan, men ýeke galmadym. Nätanyş bir duýgy maňa kyn günümde gollaryny uzatdy. Adyny bilmeýän duýgyma  ilki – ilkiler garaýşym başgady. Bedenimiň  sol tarapynda kiçijik agyry peýda bolupdy. Öýe gelenimde, diwarlar üstümi basýardy. Soňra ýola çykypdym, ýollar hem dar gelýärdi, edil ýüregimiň dar gursakda  uruşy ýaly. Gök ýüzüne seretdim. Asmanda seni ýatladýan Aý hem bulutlaryň arasynda gizlenipdir. Şol pursat maňa goldaw beren ynsanlaryň: “ Durmuş nähili owadan” ; “ Esasy zat jan saglyk” ; “ Ähli geçenler geçmişde galsyn, sen geljege seret” ýaly sözleri gulagymda ýaňlandy durdy. Iň erbet ýeri, gözlerim däl – de, kalbym aglaýardy. Seniň sesiň gulagymda, adyň dilimde, keşbiň ýüregimde, emma  eliň ellerimde däl, gözüň gözlerimde däl. Öň ýalanyň nämedigini bilmeýädim, indi “yagdaýlarym gowy” diýip, ýalan sözlemäni öwrendim. Arzuwlan günlerimizde ýalňyz galmak isledim, emma ol günlere sensiz baranlygym sebäpli meni içeri goýbermediler. Onsoň ýene – de, geçmişimi ýatlamaga durdym. Ilkinji duşan ýerimiz göz öňüme geldi. Ol ýere, seni görüp bilerin umydy bilen gitdim, ýöne bu gezek duýgularymy açmak üçin däl – de, senden 1 sekundam gözümi aýyrman, uzakdan synlap oturmak üçin gidipdim. Bileje ýörän ýollarymyzda bu gün ýene – de nesibämde ýöreme bar eken. Gynanýan, “Özgäniň ellerini tutmajagyma” beren sözümde durmadym. Bu ýolda ýene – de ýöräp barýan, ellerimde bolsa, maňa kyn günümde elini uzadan nätanyş duýgynyň eli. Bu zatlary ýatlamaklygyň kyndygyny bilsemem, elimde däl seni ýatlamazlyk. Maňa : “ Durmuşda hakyky söýgi ýok” diýenleri, özüme duşman bildim. Diňe göreşdim, bu aýdylanlaryň ýalandygyny subut etmek üçin. Seniň ornuňy özge biri tutup bilmeýär. Gijeler uklamaklygyň nähili agyrlygyny bilsediň, käşgä, olar uzak gije ukysyz oturmak ýaly ýeňil düşsedi. Gijeler meniň ýerime sagatlar uklaýardy.Ýadyňdamy, bileje Aýa garap, gijäniň gün dogman dowam etmegini dileg ederdik. Şol dilegimiz kabul bolan ýaly. Günüň dogmasyna hemmeden öň howlugardym. Alymlaryň  Ýer şarynyň togalakdygy baradaky subutnamasyna sen gideniňden soň, has gowy düşündim. Çünki, ähli günler meniň üçin şol bir gün aýlanyp duran ýaly. Säher bilen telefona ýygy – ýygydan serederdim. Maňa jaň etmejegiňi bilsemde, umyt bilen garaşardym. Bir minudam bolsa sesiňi eşitmek, tutuş gün seniň bilen gürleşen ýaly boljakdy. Eger dönmek isleseň, meni ýat ýüreklerden gözleme, öz kalbyňdan gözle; ýat ugurlara gitme, ilkinji duşan ýerimize nazar aýla. Ýüzüňdäki owadan ýylgyrşyňy görmek üçin, dine gülküli wakalar gürrüň bererdim. Sen onuň ýerine kalbymy baky gözýaşa goýduň. Ahyr soňy, meni ýeke goýman, maňa syrdaş bolan duýgynyň AÝRALYKDYGYNY bildim… Hawa, bu duýgunyň ady zalym aýralyk…Seň bilen başlan bu söýgümiň, sensiz soňy bolanlygyny ýürek göterip bilmedi.

Pikirlerimdäkiň ýarysy ýaly, ýanymda bolan bolsadyň, men beýle çäresiz galmazdym we özümi  ýalňyz duýmazdym.

Maksatgeldi Geldiýew,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag

                               kommunikasiýalary institutynyň talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

 

                                                                            

                                                                                

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

Teswirle