TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekdir. Şu beýik maksatlar ugrunda biz geljekde hem durmuş syýasatymyzy dowam ederis. Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis. Ykdysadyýetimiziň ösüşini has-da çaltlandyrmak üçin ähli çäreleri göreris. Geljekde hem biziň uzak möhletli we möhüm ähmiýetli esasy wezipelerimiz, içeri we daşary syýasat ugrumyz öňküliginde galar diýip belläp geçti.

Ýadyňyzda bolsa ýakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde 2021-nji ýylyň döwlet býujetiniň taýýarlanylyşy barada hasabat berildi. Milli Liderimiz şonda geljek ýylyň döwlet býujetinde esasy zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp haklaryny we döwlet kömek pullaryny mundan beýläk-de köpeltmeli we beýleki birnäçe durmuş tölegleriň möçberlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem her şäher we etrapda maýyplar we mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny dowam etdirmek üçin serişdeleri hökmany göz öňünde tutmalydygyny belledi.

37 milliard amerikan dollaryndan hem köp…

Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda Türkmenistan, gurýan-ýurt kuwwatly döwletdir. Ýurdumyzda amala aşyrylýan gurluşyklar Garaşsyz watanymyz dünýäde kuwwatly hem-de ähli ugurlar boýunça ösýän döwletdigini aýdyň görkezýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz taryhy ähmiýetli Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda “Biz Döwlet býujetiniň serişdeleriniň 70 göterimden hem gowragyny durmuş maksatly ugra gönükdirýäris. Welaýatlarda obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň, etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek işlerine köp maliýe serişdelerini harçlaýarys. Geljek ýyl hem Döwlet býujetiniň hasabyna welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda maýyplar we goldawa mätäç raýatlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy dowam ederis. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, bank hyzmatlary hem ösýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, bank ulgamynda elektron tölegler ulgamynyň gerimi giňelýär. Biz geljekde maliýe-ykdysady, bank-karz işlerini düýpli seljermek bilen, ykdysady özgertmeleri oýlanyşykly dowam etmelidiris” diýip nygtady.

Türkmenistanyň Prezidenti şeýle hem Ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmalydyrys. Kiçi önümçilikleri höweslendirmek, ilat üçin karz-maliýe serişdeleriniň möçberlerini köpeltmek, bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işleri geçirmelidiris. Karz göterimleriniň elýeterli bolmagy, bank goýumlaryny kepillendirmek üçin çäreleri hem göz öňünde tutmalydyrys. Raýatlarymyzyň durmuş goraglylygy barada biz hemişe alada edip gelýäris. Şunuň bilen baglylykda, şu ýyl hem zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny ýokarlandyrdyk. Mundan başga-da, Döwlet býujetinden berilýän pul serişdeleriniň uly bölegini bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryna, Pensiýa gaznasyna gönükdireris diýip aýtdy.

Degişli habarlar:

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Täze Konstitusion kanun haçan güýje girýär?

Bulary hem okaň!

Halk maslahatynyň mejlisi : öz işini tamamlady

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

 

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ýene-de okaň

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni

Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakmak hakynda

Baş Redaktor

Teswirle