TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aýdymçy Luis Eduardo Aute aradan çykdy

Ispaniýanyň belli aýdymçysy  Luis Eduardo Aute 76 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Ol öz döreden aýdymlarynyň awtory hökmünde hem tanalýar. Aýdymçy ömrüniň ahyrynda agyr kesele duçar bolup, ençeme kösençlikleri başyndan geçirdi. Ol döredijilik ýolunda 30-dan gowrak albom döretdi. Onuň hatyrasyna heýkel, surat eserleri, dokumental filmler ýaly ajaýyp sungat eserler döredildi. Luis Eduardo Aute aýdym saz äleminde dünýäniň iň abraýly baýraklarynyň eýesidir. Onuň aradan çykmagy ispan aýdym-saz sungatyna uly ýitgi boldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Hytaýa 4-nji turba geçirijini çekmek mümkinçiligine seretmäge taýýar

Türkmenistanda 11 milliard dollarlyk ýapon maýasy

Awazadaky resminama BMG-niň resmi resminamasy hökmünde çap edildi

Teswirle