TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
JEMGYÝET

Aýda ýiten golf topy tapyldy

Ýarym asyr mundan ozal Aýda ýitirilen golf topy tapylypdyr diýip, “BBC” habar gullugy habar berýär. 1971-nji ýylyň 5-nji fewralynda Amerikanyň “Apollon 14” atly kosmos gämisi Aýyň ýüzüne gondy. Ekipažyň ýolbaşçysy Alan Şepard we Aý modulynyň uçarmany Edgar Mitçel aýyň üstünde zerur enjamlary oturdyp we toprak nusgalaryny ýygnanlaryndan soňra Şepard hemmeleri geň galdyrmak isläpdir. Ol kosmosda golf oýnamaga başlapdyr. Golf topuny nireden alypdyr diýen sorag ýüze çykyp bilendir? Şepard özüniň jorabynda birnäçe golf topuny gizläp, olary Aýa getirmegi başarypdyr. Golf taýajygyna derek toprak gazylýan enjamy ulanypdyr. Ilki bada astronawt topy urjak bolanda ençeme gezek topraga degipdir. Ahyry soňy ol iki topa hem urgy geçirmäge başarypdyr. Topyň biri çukurjyga gaçýar, beýlekisi bolsa ýitýär.

50 ýyl soňra bolsa bu topy hünärmen Endi Sonders tapýar. Gözlegde ol şol pursatlaryň suratlaryny we arhiw wideolaryny ulanypdyr. Ýiten top Şeparddan 37 metr uzakda ýerleşipdir.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Dalaşgärleri hödürlemek möwsümi başlady

Şu gün – Watan goragçylarynyň güni

Serdar Berdimuhamedowa goşun generaly diýen harby ady dakmak hakynda

Baş Redaktor

Teswirle