TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
SPORT

«Aýakgabymy çykaraýynmy?»

Häzir Fransiýanyň PSŽ futbol toparynda ýyldyzlaşan hüjümçi Kilian Mbappeniň çagalygy, hem-de şol döwürde Zineddin Zidan bilen bagly ýatlamalary dünýä metbugatynda orun aldy.

«Dynç alyş günlerinde «Realda» türgenleşmek baradaky teklibiň gelmegi meniň üçin Aýa gezelenç etmek bilen deňdi. «Realyň» bir bölegi bolmagy bütin durkum bilen islärdim. Biziň oýunlarymyza dünýäniň belli-belli toparlaryndan synçylar gelýärdi. Hatda şol döwür köpçülikeýin habar beriş serişdelerinde men barada hem azda-kände ýazylýardy. Ýöne heniz 13 ýaşly oglanjyk şol döwür özüňi nähili alyp barmalydygyny nirden bilsin?!

Zidan bilen ilkinji duşuşyk hiç haçan ýadymdan çykmasa gerek. Howa menzilinde bizi onuň özi garşy aldy. «Realyň» türgenleşik bazasyna hem özüniň alyp gitjekdigini aýtdy. Haçanda, ulaga münenimizde, men ondan: «Aýakgabymy çykarmalymy?» diýip soradym. Çünki meniň üçin Zidanyň münýän ulagy hem juda uly belentlikdi».

Ýene-de okaň

Ispaniýanyň ýygyndysyna täze tälimçi bellendi

Futbolyň iň abraýly kubogy Italiýada öndürilýär

Katar-2022: 17 günde 765 müň adam bardy

Teswirle