JEMGYÝET

Awtoulagsyz günüň ekologiýa goşandy

3-nji iýunda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen 2018-nji ýylda esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi.

Ýurdumyzyň şaýollaryna we köçelerine sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän welosipedçileriň köpsanlysy çykdylar. Şonuň bilen birlikde, ekologiýa meselesi Welosiped gününiň çäreleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzda bu çäräniň Awtoulagsyz gün diýlip yglan edilmegi ýöne ýere däldir.

3-nji iýunda ýurdumyzyň baş şäherinde sagat 06:00-dan 18:00-a çenli diňe welosipedlerde, awtobuslarda hem-de gaýragoýulmasyz gulluklaryň ulaglarynda hereket etmäge ygtyýar berildi. Bu çäre gözel paýtagtymyza awtoulag serişdeleriniň köpsanlysyndan wagtlaýynça “dynç almaga”, awtoulaglaryň çykarýan zyňyndy gazlaryndan howany ep-esli derejede arassalamaga mümkinçilik berdi.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ekologiýa gözegçilik gullugy tarapyndan paýtagtymyzda şol gün hereketleriň çäklendirilmeginiň atmosfera howasyna täsirine gözegçilik geçirildi. Hünärmenler Aşgabat şäherindäki bäş sany hemişelik we göçme gözegçilik nokadyndan howa nusgalyklaryny alyp, onuň düzümine barlag işlerini geçirdiler.

Howa nusgalyklarynyň deňeşdirilmegi netijesinde awtoulag serişdeleriniň hereketleriniň, degişlilikde, zyňyndy galyndylaryň çäklendirilmegi bilen, tozanyň möçberi 20 göterim, kükürt dioksidiniň möçberi 10 göterim, azot dioksidiniň möçberi 40 göterim we fenolyň möçberi iki esse peseldi. Şeýlelikde, zyýanly zyňyndylaryň esasy çeşmesi bolan awtoulaglaryň hereketlerini çäklendirmek çäresi, hakykatdan-da, düýpli netije berdi — paýtagtymyzda howanyň arassaçylyk derejesi ep-esli ýokarlandy.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen awtoulagsyz günleriň yzygiderli geçirilmegi ak mermerli paýtagtymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýaşamak üçin amatly şähere öwürmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işlere uly goşant bolup durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz tebigaty goraýyş ulgamynda köptaraply halkara resminamalarynyň 20-sine gatnaşýar. Geçen ýyl howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy. “Ozon gatlagyny goramak hakynda” we “Atmosfera howasyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna halkara hukugynyň degişli kadalary ornaşdyryldy.

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň mejilisine gatnaşdy

Mazenderan welaýatynyň Türkmenistana eskporty artdy

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna Özbegistanyň Prezidentinden hat gelip gowuşdy

Aşgabatda owgan harytlarynyň sergisi geçiriler

Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy