JEMGYÝET

Awtoulaglarda GPS enjamy ornaşdyrylar : Elektron awtoulag karty

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, şonda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow «Türkmenawtoulaglary» agentliginde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň beýleki pudaklarynda bolşy ýaly, bu pudakda hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny we sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny ýerine ýetirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Şu maksat bilen, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan Diýarymyzyň çäklerinde hem-de halkara gatnawlarynda awtoulag hyzmatlaryny amala aşyrýan ýerli we ýurdumyza gelýän hem-de üstaşyr geçýän daşary ýurt awtomobil ulaglarynyň maglumat binýadyny döretmek, olara GPS enjamyny ornaşdyryp, sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek, şeýle hem bu işleri tapgyrlaýyn esasda amala aşyrmak meýilleşdirildi.

Birinji Tapgyr : Ýeňil Taksiler we Ýolagçy Awtobuslar

Birinji tapgyrda ýurdumyzyň paýtagtynda we welaýatlarda hereket edýän ýeňil taksilere hem-de ýolagçy awtobuslaryna sanly ulgam arkaly olaryň tizligine, ýerleşýän ýerine, hereket edýän ugruna, ýangyç sarp edişine, tehniki gözegçilikden geçirilmeli wagtyna degişli gözegçilik üpjün ediler.

Ikinji Tapgyr : Ýurdumyzyň çägindäki ýük ulaglar

Ikinji tapgyrda ýurdumyzyň çäginde hereket edýän ýük ulaglaryna sanly ulgamy ornaşdyryp, olaryň hereketine gözegçilik ýola goýlar.

Üçünji tapgyr :Halkara gatnawdaky ýurdumyzyň awtoulaglary

Üçünji tapgyrda halkara gatnawlaryny amala aşyrýan ýurdumyzyň awtoulaglaryna sanly ulgam arkaly gözegçilik etmek hem-de olara daşary ýurda çykmak üçin elektron rugsatnamany resmileşdirmek ýola goýlar.

Elektron awtoulag karty

Şeýle hem ulaglar boýunça maglumatlary özünde jemleýän merkezleşdirilen maglumat binýadyny döretmek, şeýlelikde, maglumat binýady arkaly ýurdumyza gelýän we üstaşyr geçýän daşary ýurt awtoulaglarynyň hasabatyny ýöretmek işlerini gurnamak boýunça elektron awtoulag karty dörediler.

Bu ugurda öňde durýan wezipeler «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan 2020-nji ýylyň 1-nji oktýabryna çenli amala aşyrylar.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoaragatnaşyga «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy O.Suhanowy çagyrdy. Ol ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we onuň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, ulag serişdelerine, şol sanda olaryň tehniki ýagdaýyna, hereket edýän ugruna hem-de ýerleşýän ýerine gözegçiligi ýola goýmagyň, gatnawlaryň howpsuzlygyny we onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigini belledi hem-de bu ulgamdaky hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýolbaşçysyna birnäçe tabşyryklary berdi.

Ýurdumyz boýunça ýolagçy gatnadýan hem-de ýük daşaýan awtoulag serişdeleriniň gözegçilik ulgamyna birikdirilmegi, ulag serişdelerini dolandyrmak ulgamyna häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy sebitiň we yklymyň iri ulag geçelgesi hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň ösüşinde täze tapgyry emele getirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýene-de okaň

Ýaş alymlar sylaglandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri daşary ýurtly işewürler bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri türk işewürlerini kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Narendra Modini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmen-koreý gatnaşyklary sanlarda

Ata Watan Eserleri