TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
BIZNES

Awtoulag pudagyna 8 milliard ýewrolyk goldaw

Fransiýada koronawirus pandemiýasy sebäpli uly ýitgi çekýän awtoulag senagatyna goldaw bermek göz öňünde tutulýar. Munuň üçin döwlet tarapyndan 8 milliard ýewro maliýe kömegi berler.

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron elektrik togy bilen işleýän ulaglary satyn alýan şahyslara 7 müň ýewro, kompaniýalara 5 müň ýewro, gibrid ulaglary satyn alýanlara bolsa 2 müň ýewro arzanladyş ediljekdigini mälim etdi.

ULAG SATYN ALANA MALIÝE KÖMEGI

Ýurduň Prezidenti awtoulag öndüriji kompaniýanyň önümçiligi bilen tanyşdy. Şondan soňra metbugat ýygnagyny gurnady. Şol metbugat ýygnagynda 2025-nji ýyldan başlap, her ýyl 1 million sany elektrikli, gibrid we zarýad edilip bolýan ulaglaryň öndüriljekdigini we Ýewropada iň köp ulag satýan ýurda öwrüljekdiklerini belledi.

Awtoulag pudagyna 8 milliard ýewro möçberinde maliýe kömeginiň beriljekdigini bellän Makron koronawirus sebäpli takmynan 500 müň ulag hem satyp bolmandygyny belläp, 1-nji iýundan başlap, 200 müň ulagyň satylmagy üçin fransuz raýatlaryna kömek beriljekdigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, Elektrik ulaglaryny satyn alan adamlar üçin 7 müň ýewro we kompaniýalar üçin 5000 ýewro, gibrid ulaglar üçin bolsa 2 müň ýewro arzanladyş ediler.

Makron şeýle hem “Renault” kompaniýasynyň 2022-nji ýylda elektrikli ulaglarynyň önümçiligini 3 esse artdyrjakdygyny belledi. Bu kompaniýa 5 milliard ýewro maliýe kömeginiň berilmegi babatda gepleşikleriň geçirilýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

“Ba­ga­ja” gaz kä­ni üçin tehniki enjamlar satyn alnar

Türkmenistanda dürli maksatly plastik kartlar öndüriler

Içerki bazarda tüýjümek önümler ýerlenildi

Teswirle