TÜRKMENISTAN WE DÜNÝÄ HABARLARY
DÜNÝÄ

Awtoulag boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynda awtoulag boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn toparynyň 2-nji mejlisi geçirildi. Oňa Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň Döwlet sekretary, Gara deňiz-Hazar deňzi Halkara ulag geçelgesi strategiki taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça işçi toparyň utgaşdyryjysy Adrian George Fogişiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. T

ürkmen tarapyndan bolsa, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň wekilleri gatnaşdy.

Taraplar, «Gara deňzi-Hazar deňzi» halkara ulag geçelgesiniň döredilmegine aýratyn üns berýändigi barada bellemek bilen, ol boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň, Rumyniýanyň Hökümetiniň, Gruziýanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşygyň taslama boýunça alnyp barylýan işler barada kanagatlanma bildirdiler. Şeýle hem bu halkara ulag geçelgesiniň merkezi aziýa bilen ýewropanyň arasynda halkara ýük gatnawlarynyň we logistikanyň ösdürilmegine uly ýardam berjekdigi barada belläp geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2023” atly halkara maslahaty we sergisi iki gün dowam edýär. Oňa dünýä ýurtlaryndan 700-den gowrak wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu barada “turkmenistaninfo.gov.tm” saýty habar berýär.

Ýene-de okaň

Hormatly Prezidentimiz Türkiýäniň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçihanasy köpçülikleýin welosiped ýörişini gurady

Ärdoganyň wezipesine girişmek dabarasy geçiriler

Teswirle